
Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy gapydan gapa çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.
Bu çaparçylyk hyzmatynyň türkmenistanlylaryň ünsüni çekýän esasy aýratynlygy bolsa onuň köp sanly peýdaly taraplary bilen bagly:
- oňaýlylygy we wagt tygşytlamagy: munda ýollamany ugratmak ýa almak üçin müşderiniň ýörite poçta bölümine gitmek zerurlygy ýokdur. Çapar ýollamany iberijiden alyp, kabul edijä gowşurýar. - ýüküň howpsuzlygynyň kepilligi: kompaniýanyň çaparlary ýörite taýýarlyk geçýärler we ýüküň howpsuz eltilmegine jogap berýärler. - goşmaça hyzmatlary almak mümkinçiligi.
Türkmenpoçtanyň gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty ýollamany tiz we özüne oňaýly wagtda ibermek ýa almak isleýän ähli adamlar üçin niýetlenendir.
Çapary çagyrmak üçin bolsa kompaniýanyň web saýtyndan, (+993 12) 92 14 95 telefon belgisinden ýa-da Çapar mobil goşundysyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Çapar mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.
Şeýle-de okaň: