Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýük ýollamalary hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy. Hyzmatyň tölegi ýüküň ýollanylýan ýeri bilen kabul edilýän ýeriniň aralygy boýunça kesgitlenilýär. Tölegler nagt hem-de bank kartlary arkaly, şeýle-de ýuridiki şahslar üçin geçirme üsti bilen kabul edilýär.
Kompaniýanyň Türkmenistanyň ähli ýerlerinde hereket edýän bölümleri türkmenistanlylara uly we kiçi göwrümli ýollamalary tiz, ygtybarly ibermäge hem-de kabul edip almaga ýardam berýän täze tehnologiýalardyr hyzmat standartlaryndan peýdalanýar.
Ýük bölümleri Aşgabadyň demir ýol menzilinde we ýurduň sebitleriniň dolandyryş merkezlerinde ýerleşýär. Bu ýerde her günde dürli göwrümli ýollamalar hem-de ýükler iberilýär we kabul edilýär.
Türkmenpoçtanyň bölümlerinden sargyt edilende ýükler ýörite akylly terezide ölçelýär. Operator panelde iberiş nokadyny görkezýär we kompýuter şoňa görä her kilogram üçin nyrhy hasaplaýar. Maglumat şol bir wagtyň özünde Türkmenpoçtanyň ygtybarly hasaba almaga mümkinçilik berýän we ähli ýollamalaryň howpsuzlygyny üpjün edýän bitewi sanly ulgamyna girýär.
Ýük bölümleriniň hyzmatlary dürli agramdaky ýollamalary, şol sanda mebel, hojalyk tehnikalary, howpsuzlygyna aýratyn üns berilmegini talap edýän beýleki zatlary we materiallary tiz ýüklemegi hem düşürmegi öz içine alýar.
Kompaniýanyň bölümleri kabul edijä ýüküň alnandygy barada derrew habar berýär. Goşmaça töleg geçirilen ýagdaýynda ýüki gönüden-göni müşderiniň öz salgysyna hem ugradyp bolýar. Çaparlar ony awtoulag bilen golaýda ýerleşýän ilatly ýerlere hem eltip bilerler.
Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumatlary edaranyň resmi saýtyndan, şeýle-de (+993 12) 94 20 34 belgisi we 075 gysga belgisi arkaly alyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: