Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär

Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär

Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi müşderilerine tutuş Türkmenistan boýunça dürli ululykdaky we agramly ýükleri ibermek hem-de kabul etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Bu hyzmatdan kompaniýalar we kärhanalar, şeýle hem raýatlar peýdalanyp bilerler. Bu hyzmat esasan hem uly göwrümli ýükleri we öndürilýän harytlary daşamak bilen meşgullanýan hususy işewürligiň wekilleri üçin amatlydyr.

Türkmenpoçtanyň ýük bölüminden peýdalanmagyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem ugradylan goşlaryň we ýollamalaryň öz wagtynda barmagynyň hem-de abatlygynyň kepillendirilmegidir. Ähli harytlar bir günüň içinde eltilýär.

Ýük ibermek üçin resminamalary doldurmagyň tertibi köp wagty talap etmeýär. Pasportyňyzy görkezmek we habarlaşmak üçin telefon belgisini bermek ýeterlikdir. Alyjy, öz gezeginde, ýüki alýan wagtynda öz pasportyny görkezýär.

Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän ýük bölümine ýük iberilen ýagdaýynda, alyja ýüküň alynmaga taýýardygy habar berler, bu bolsa amallary ýeňilleşdirer.

Şeýle hem poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi ýükleri daşamak üçin, meselem, şäherden şähere göçülende öý goşlaryny getirmek üçin awtoulaglary kärendesine almak hyzmatlaryny hödürleýär. Hyzmat tölegli esasda elýeterlidir we goşlaryň howpsuz hem-de netijeli daşalmagyny üpjün edýär. Şeýle hem goşmaça töleg bilen ýükleri gönüden-göni Aşgabatdaky müşderiniň salgysyna eltip bermek hyzmatyny sargyt etmek mümkindir.

Türkmenpoçtanyň Aşgabatdaky ýük bölüminiň belgisi: (+993 12) 94 20 34.

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumaty resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär
PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
Türkmenpoçtanyň Marydaky ýük bölümi ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek