Türkmenpoçta Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär

Türkmenpoçta Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň poçta bölümleri arkaly pul geçirmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Poçta bölüminiň üsti bilen pul geçirmek üçin pul iberiji pasportyny ýa-da şahsyýetini anyklaşdyrýan başga bir resminamasyny görkezmelidir.

Geçirim üçin ýygym

Pul serişdeleri geçirilende Türkmenpoçta geçirilýän puluň umumy möçberiniň 1-5%-i aralygynda ýygym tutýar:

- 1-den 1000 manada çenli — 5%;

- 1001-den 2000 manada çenli — 4%;

- 2001-den 3000 manada çenli — 3%;

- 3001-den 4000 manada çenli — 2%;

- 4001-den 5000 manada çenli — 1%.

Şeýle hem, poçta pul geçirimini resmi kagyzda resmileşdirmek hyzmaty üçin müşderiden 2 manat pul alynýar.

Bu hyzmat Türkmenpoçtanyň ähli bölümlerinde elýeterlidir.

Alyjy tarapyndan geçirilen pul alynmadyk ýagdaýynda hereketler

Eger-de, geçirilen puly almaly adamyň 30 senenama gününiň dowamynda özüne iberilen nagt puly almak üçin Türkmenpoçta bölümine gelmedik halatynda, pul serişdeleri iberilen poçta bölümine gaýtarylýar. Bu barada iberiji 5 günüň dowamynda habarly edilýär.

Eger iberijiniň hem poçta bölümine yzyna gaýtarylyp getirilen puly almaga gelmedik ýagdaýynda, poçta operatory talap edilmedik serişdeleri iberijä degişli habarnama bilen 3 (üç) ýyl möhlet bilen kompaniýanyň hasabyna geçirer.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
Türkmenpoçtanyň çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek
Türkmenpoçtanyň Marydaky ýük bölümi ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek
Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri