“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy “salgydan-salga” çaparçylyk hyzmatynyň nyrhlaryny peseltdi

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy “salgydan-salga” çaparçylyk hyzmatynyň nyrhlaryny peseltdi

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy salgydan-salga gowşurmak hyzmatynyň nyrhyny 1-nji martdan peselendigini habar berýär.

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň “salgydan-salga” hyzmaty öýden çykman, Türkmenistanyň çäginde poçta ugratmalary we banderollary ugratmak mümkinçiligini hödürleýär.

“Salgydan-salga” hyzmatyndan peýdalanmagy resmi web saýty, “Çapar” mobil goşundysy arkaly ýa-da +993 12 921495 belgisine jaň edip çapary çagyryp ýa-da Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän 1-nji, 3-nji, 17-nji, 32-nji, 35-nji we 37-nji poçta aragatnaşyk bölümlerinde ugratmalary iberip bolýar.

Poçta aragatnaşyk bölümleriniň salgylarynyň maglumatlary bilen “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

“Salgydan-salga” hyzmaty diňe adaty sarp edijiler üçin däl, eýsem harytlaryny alyjylara eltip bermek hyzmatyny ulanýan telekeçiler üçin hem amatly. Ugratmalar ýurdumyzyň islendik şäherine ýa-da ilatly nokadyna 2-3 günüň dowamynda eltip berilýär.

“Çapar” mobil goşundyny Google Play ýa-da App Store arkaly telefona ýüklemek mümkindir.

Şeýle hem, şu mobil goşundynyň “Tölegler” bölüminde bank kartlary arkaly PÝGG jerimelerini, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlary tölemek mümkinçiligi berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçtanyň gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: peýdaly we tapawutly taraplary
ÇaparPay goşundysy — Türkmenistanyň içerki gatnaw awiapeteklerini onlaýn almagyň amatly usuly
Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
Türkmenpoçta Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär
Türkmenpoçta ýükleri ýollamak hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy
Türkmenpoçta Täze ýyl sowgatlaryny öz wagtynda eltip berýär
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz