Türkmenpoçta kompaniýasynyň harytlary ibermek boýunça gapydan-gapa çaparçylyk hyzmaty türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir we diňe bir adaty sarp edijiler tarapyndan däl, eýsem, döwlet kärhanalary, hususy firmalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleri tarapyndan hem giňden peýdalanylýar, çünki bu hyzmat olar üçin yzygiderli dowamlylykda zerurdyr.
Çaparçylyk hyzmatynyň esasy artykmaçlyklary:
Çaparçylyk gullugy islendik bukjalary, ýollamalary we ýükleri Türkmenistanyň ähli künjeklerine iberilýän ýerine garamazdan müşderi üçin amatly ýere öýüne, iş ýerine ýa-da başga nokatlara gysga wagtda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
Türkmenpoçta kompaniýasy çaparlary taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýär, olaryň borçlaryna şular degişlidir: operatiwlik (tizlik), gizlinlik, jogapkärçilik we aragatnaşyk başarnygy. Harytlary eltip bermek boýunça çaparçylyk gullugynyň hünärmenleri bu ugurda işlemegiň ähli talaplaryny bilýärler. Türkmenpoçtanyň işgärleriniň akýürekliligi we jogapkärçiligi netijesinde her bir müşderi özüne hoşniýetlilik hem-de hormat bilen çemeleşilýändigini duýýar.
Çapary kompaniýanyň saýtynda ýa-da (+993 12) 92 14 95 telefon belgisi, şeýle hem Çapar ykjam programmasy arkaly çagyrmak mümkindir, ykjam programmada ähli tölegler Türkmenistanda hereket edýän islendik bank kartynyň üsti bilen awtomatiki usulda amala aşyrylýar. Häzirki zaman tehnologiýalary müşderileriň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün edýärler we kepillendirýärler.
Çapar ykjam programmasyny Google Play-den we AppStore-den ýükläp alyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: