Häzirki wagtda Türkmenpoçtanyň ýurduň welaýatlaryndaky bölümleri täze tehnologiýalary we hyzmatlary ýetiriş standartlaryny ulanmagy öz içine alýan häzirki zaman usullarda iş alyp barýarlar. Muňa bolsa ýurduň sebitlerindäki demir ýol menzillerinde ýerleşýän we türkmenistanlylara uly hem-de kiçi ýükleri tiz hem ygtybarly ugratmaga, şeýle-de kabul edip almaga ýardam edýän poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümlerini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenpoçta bölümlerinden sargyt edilende ugradyljak ýükleriň agramy ýörite akylly terezilerde ölçelýär.
Operator panelde ýüküň ugradylýan nokadyny görkezýär we kompýuter şoňa görä her kilogram üçin düşýän nyrhy hasaplaýar. Maglumat şol bir wagtyň özünde ygtybarly hasaba almaga mümkinçilik berýän we ähli ýollamalaryň howpsuzlygyny üpjün edýän Türkmenpoçta kompaniýasynyň bitewi sanly ulgamyna kabul edilýär.
Ýük bölümleriniň hyzmatlarynyň dürli agyrlykdaky ýollamalary, şol sanda mebelleri, hojalyk tehnikalary, howpsuzlygyna aýratyn üns berilmegini talap edýän beýleki zatlary hem-de materiallary tiz eltmegi hem öz içine alýandygyny ýatladýarys.
Ýükleri ibermek üçin ony ugradylýan nokadyna çenli eltip bermek hyzmatyndan hem peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle hem, ýük alnandan soň, Türkmenpoçtanyň çaparlary ony ulag bilen ilatly zolakdaky golaý ýerleşen poçta bölümine eltip bilerler. Ýüki kabul etmekde kabul ediji şahsyýetini tassyklamak üçin pasportyny görkezmelidir.
Hyzmatlaryň nyrhlary ugradylýan nokat bilen ýüküň alynýan salgysynyň arasyndaky uzaklyga laýyklykda kesgitlenýär. Hyzmatyň tölegi nagt, bank karty ýa-da ýuridik şahslar üçin geçirme arkaly kabul edilýär.
Has giňişleýin maglumatlary (+993 12) 94 20 34 telefon belgisi we 075 gysga belgisi arkaly almak bolýar. Hyzmatlar üçin Çapar mobil goşundysyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: