Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy müşderilerine amatly çözgüdi — Gapydan-gapa çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.
Müşderiler indi poçta bölümlerine baryp wagt ýitirmezden, ibermeli ýollamasyny tiz wagtda alyja gowşuryp bilerler. Türkmenpoçta kompaniýasynyň çapary iberijiden ýollamany kabul edip alyp, ony ygtybarlylyk bilen kabul edijä ýetirer.
Türkmenpoçtanyň ähli çaparlary degişli hyzmaty ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ýörite taýýarlyk geçýärler we özlerine ynanylan ýükleriň howpsuzlygy üçin doly jogapkärçilik çekýärler.
Gapydan-gapa çaparçylyk hyzmaty — wagta we ygtybarlylyga ähmiýet berýänler üçin iň gowy çözgütdir. Bu öz gezeginde hususyýetçiler we işewürler üçin has-da oňaýlydyr.
Ýollamany, ýagny ýüki nirä eltip bermelidiginiň — öý, iş ýa-da başga bir ýerler, parhy ýok, çaparçylyk hyzmaty ony iň gysga wagtyň dowamynda gerekli ýerine, Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly ýetirmek üçin ähli tagallalaryny eder.
Çapary şu salgylar boýunça sargyt edip bilersiňiz: