Türkmennebit we Türkmengaz döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar

Türkmennebit we Türkmengaz döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar

Aşgabatda geçirilen​ Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 halkara forumynyň çäklerinde penşenbe güni​ Türkmennebit we Türkmengaz​ döwlet konsernleri halkara hyzmatdaşlary bilen birnäçe şertnamalara gol çekdiler.

Olaryň hatarynda:

— Türkmennebit DK we Dragon Oil (BAE) kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Blok 19-da 3D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

— Türkmennebit DK önümi ibermek boýunça Shandong kerui petroleum hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu kompaniýa nebiti çykarmaklygy işjeňleşdirmeklige we energiýanyň täze çeşmelerini işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşen utgaşdyrylan çözgütleri we hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýar.

—​ Türkmengaz DK önümleri ibermek boýunça Turba metallurgiýa kompaniýasy rus kompaniýasy we Auguste International Fze (BAE) kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy.

— HybridInnovationGmbH we​ Türkmennebit DK​ enjamlary bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy.

— Türkmengaz DK önümleri ibermek boýunça Turba metallurgiýa kompaniýasy rus kompaniýasy we Auguste International Fze (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.​ Şeýle hem ProBusiness S.r.l. (Italiýa), RMA Kehl GmbH & Co. KG (Germaniýa), Crickem DMCC we Boshorus (BAE), Webtoll Services Limited (Kipr) bilen şertnamalara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
“Inter” “Lasio” diýip durmady, gol baryny ýagdyrdy
Turkmenistan has launched a series of capacity-building workshops on E-commerce.
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär