Häzirki wagtda Türkmennebit döwlet konserniniň gury ýerlerde ýerleşýän ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar. Olarda nebitli, nebitgazly we gazly gatlaklaryň ýüzlerçesi bar. Konserniň kärhanalarynda çykarylýan uglewodorod çig malynyň alnyşyny durnuklylaşdyrmak, möçberini artdyrmak işleri ýataklaryň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmagyň, täze meýdançalary we düzümleri özleşdirmegiň hasabyna amala aşyrylýar diýlip, Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.
Goturdepede, Barsagelmezde we beýleki ýerlerde çykarylýan nebitiň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilen geologik-tehniki çäreler yzygiderli geçirilýär.
Nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda geologiýa-gözleg işleri has-da işjeňleşdirildi. Şu maksat bilen, burawlaýyş kärhanalary ýylyň ähli paslynda görelde görkezip gelýärler. Olar Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan getirilen döwrebap tehnikalar bilen doly üpjün edilýär. Artdyrylan güýç bilen çekilýän zähmetiň netijesinde, geljegine umyt baglanylýan ýataklaryň birnäçesi açyldy.
Galyberse-de, türkmen geologlarynyň Altyguýy ýatagynda ýerasty gatlaklarda nebitiň we gazyň düzümleriniň bardygy hakyndaky çaklamalarynyň dogrudygy tassyklanyldy. Hünärmenler çuň nebitli gatlaklar diňe Altyguýuda däl, eýsem, tutuş Gögerendag — Ekerem nebitgazly zolaklarda hem bar diýip çaklaýarlar.
Soňky ýyllarda ümzügi öňe bolan burawlaýjylar Barsagelmez, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada, Guýujyk, Altyguýy, Kemer, Keýmir, Nogaý, Gögerendag, Ekizak meýdançalarynda täze nebitli, gazkondensatly ulanyş, barlag, gözleg maksatly guýularyň 40-a golaýyny üstünlikli burawlamagy dowam etdirýärler. Olaryň taslama çuňluklary 1700 — 6800 metr aralygynda ýerleşýär.