Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda uly islege eýe boldy

Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, senagatda ulanmak üçin nahar duzuny (Türkmenhimiýa döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 723 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 995 müň manada deň bolan polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni) we float aýnasyny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 38 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy
Iýul II hepde: TDHÇMB-da geleşikler $85 milliondan geçdi
Iýun II hepde: TDHÇMB-da geleşikler 537 million manatdan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy