“Türkmennebit” döwlet konsernine BAE-niň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

“Türkmennebit” döwlet konsernine BAE-niň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

“Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.Bu barada TDH habar berýär.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmennebit döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, pudaklaýyn desgalaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar, hususan-da, nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli abatlamakda ulanylýan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatyny diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin Türkmennebit döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýurtda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, agzalan Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenler irki saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýar, oppozisiýa ýurduň daşynda alternatiw saýlawlary planlaşdyrýar
Türkmen aktiwistleri Nýu-Ýorkda syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etdiler
“Aladdin we jadyly çyra” — A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze sahna eseri
Mämmethan Çakyýew: “Türkmenistan ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”
Häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy ýygnaklary geçirýärler
G20: Asyryň ortasyna çenli uglerod bitaraplygyny gazanmaly