Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy

Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy

Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 aýynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy we bu babatdaky meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berdi.

Şeýle ýokary üstünliklere Türkmennebit döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky Gumdagnebit, Keýmir, Galkynyşnebit nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň zähmet toparlary has saldamly goşant goşdular.

Türkmennebit döwlet konserniniň burawlaýjylarynyň hem alynýan nebitiň möçberleriniň artdyrylmagynda mynasyp paýlary bar. Olaryň şu ýylyň geçen 11 aýynyň jemi boýunça gazan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 152 müň metrden gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 12 müň metr köpdür.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde nebitiň 526,3 müň tonnasy çykaryldy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy