Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan goşmaça 42 million kub metre barabar gaz çykaryldy

Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan goşmaça 42 million kub metre barabar gaz çykaryldy

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda degişli kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş Türkmennebit döwlet konserni boýunça 198 müň tonna golaý gara altynyň hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy.

Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige Gamyşlyja we Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar.

Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy Goturdepe, 63,6 müň tonna golaýy Barsagelmez we 52 müň tonna barabary bolsa Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

Döwlet konserniniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi soňky ýyllarda Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edildi.

Guýy gazyjylar ýedi müň metre çenli we ondan hem çuň dag jynslaryny gazmaga ukyply burawlaýjy desgalara eýe bolan bolsalar, guýulary düýpli abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan desgalary edindiler.

Daşary ýurtlaryň kämil enjamlaryna başarjaň erk edýän hünärmenler şu ýylyň diňe bir oktýabr aýynda önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 38-sini abatlap, ulanyşa tabşyrdylar.Netijede, bir aýda tutuş trest boýunça 31 müň 684 tonna derek 36 müň tonnadan hem köp gara altyn, 6 million 510 müň kub metre derek bolsa 28 million 481 müň kub metr mawy ýangyç goşmaça alyndy.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda önüm bermeýän gara altynly guýular abatlanýar
Türkmenistanda abatlanan guýulardan 25,4 müň tonna goşmaça nebit alyndy
Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär
Türkmenistandaky Akpatlawuk dünýädäki uly patlawuklaryň biri
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Nebit we gaz alnyşynyň artmagy: 3D-seýsmik gözlegler we önümli täze gatlaklar