“Türkmennebit” bäş ýyldan gowrak wagt bäri potratçysy bilen hasaplaşyp bilmeýär

“Türkmennebit” döwlet konserni 2013-nji ýyldan bäri öz potratçylarynyň biri Kipriň I.C. Intercomplect Ltd. kompaniýasy bilen hasaplaşyp bilmän gelýär. Bu barada, CIS Debt Recovery Solutions hukuk firmasyna salgylanyp, TAH neşiri habar berýär.

2017-nji ýylyň noýabrynda habar berilmegine görä, berginiň möçberi $8,5 milliona barabar.

Kipr kompaniýasynyň bähbitlerini goraýan CIS Debt Recovery Solutions firmasynyň wekili Taras Kopiniň sözlerine görä, “Türkmennebit” 2018-nji ýylyň aprelinde umumy bergisiniň möçberiniň 15 prosentini töledi, emma töleg şu ýerde hem saklandy.

“Türkmennebitiň” başlygy Döwletgeldi Hajyýew sentýabryň ortasynda I.C.

Intercomplect Ltd.kompaniýasyna resmi hat ýollap, döwlet konserniniň “2013-nji ýyldaky şertnama esasynda iberilen enjamlar babatda boýun alan borçlarynyň ählisini tölejekdigine” ynandyrdy.

Möhletler, tölegiň gijikdirilmeginiň sebäpleri agzalmaýar.

TAH-yň Türkmenistanyň ykdysady blogundaky çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, “iýul-awgust aýlaryndan bäri Türkmenistanyň ýangyç-energiýa toplumynda diňe Türkmenşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda (TNGIZ) pul galdy. Beýleki konsernleriň ählisi: “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmengeologiýa” çökerildi”.

Çeşmäniň düşündirmegine görä, “Türkmennebit” bergisiniň 15 prosentini tölemek üçin hökümet başlygynyň tutuş ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna, TNGIZ-iň “Türkmennebitiň” hasabyna zerur möçberdäki serişdäni geçirmek barada görkezme bermegi üçin, hat bilen ýüzlendi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmennebit” üpjünçileriniň birin dört ýyl bäri $8,5 million bergisini töläp bilmeýär
Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy
​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär
Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy
CIS Debt Recovery Solutions: Türkmengaz’ bilen Türkmennebitiň’ kredit reýtinginiň gutarandygyny bildik
Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda