​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär

​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär

“Türkmennebit” döwlet konserniniň daşary ýurtly partnýory ondan bäş ýyl bäri garaşýan 8 million dollarlyk algysyny henize çenli alyp bilmändigini aýdýar.

Bu barada kiprli "I.C. Intercomplect Ltd" atly kompaniýanyň hukuk wekili hökmünde çykyş edýän "CIS Debt Recovery Solutions" atly şirketiň resmisi Taras Kopiý Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Taras Kopiýiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň müşderisine ýarym ýyl mundan öň türkmen tarapy bilen geçiren gepleşiklerinde belli bir öňegidişlik gazanmak başardypdyr. "Türkmennebit" umumy bergisiniň 15%-ni töläpdir, emma şondan soň gepleşikler ýene-de petige direlipdir.

“Olara şu ýylyň aprel aýynda algysynyň 15%-ni belli bir şertlerde töletmek başartdy.Mundan daşary müşderimiz köp ýyl mundan ozal Türkmenistana berlen gurallary işletmek we synamak üçin işgärleri öz hasabyna başga ýurtlardan alyp barmaga mejbur boldy.

Hut mundan soň müşderimize tölegleriň tölenip başlanjagyny we bergileri bölekleýin üzmegi wada berdiler, emma ine 6 aý boldy “ertir bolar” diýen wadalar bilen sypýarlar” diýip, Taras Kopiý Azatlyk Radiosyna habar berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň kiprli kompaniýanyň öňünde uly möçberli bergisi barada ilkinji gezek 2017-nji ýylyň noýabr aýynda mälim bolupdy.

Kiprli "I.C.Intercomplect Ltd" kompaniýasynyň hukuk wekili höküminde çykyş edýän "CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň "Türkmennebit" döwlet şereketiniň pul töläp biljek ýagdaýda däldigini beýan edipdi we onuň halkara partnýorlaryna energiýa çeşmelerine baý Türkmenistanyň şol döwlet konserni bilen işleşmegiň uly töwekgelçilik boljagyny belläpdi.

Şonda "I.C.Intercomplect Ltd" kompaniýasynyň hukuk wekili Türkmenistanyň döwlet konserniniň 4 ýyl mundan öň alan nebit we gaz öňümçiliginde ulanylýan enjamlary üçin 8 million amerikan dollaryndan gowrak möçberli bergisini "wagtlaýynça pul ýetmezçiligi we töleg kynçylygy" sebäpli düşündirýändigini mälim edipdi.

Hukuk firmasynyň Azatlyk Radiosyna beren resminamada "Türkmennebit" döwlet konserniniň 2013-nji ýylda "I.C.Intercomplect Ltd" atly firmadan satyn alan nebit we gaz önümçiligi enjamlary üçin tölemeli pulunyň mukdary 8 360 222,25 amerikan dollary möçberinde görkezilýär.

Taraplaryň arasynda 2013-nji ýylyň aprel aýynda gol çekilen şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň almagy göz öňünde tutan barlag laboratoriýasy bilen nebit-gaz känleriniň özleşdirilmeginde ulanylýan burawlaýjy göçme desgalary üçin bilelikde bu san 9 033 015,00 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Kiprli "I.C.Intercomplect Ltd" kompaniýasynyň hukuk wekili "CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk guramasynyň resmisi Taras Kopiniň bellemegine görä, şu günki gün Türkmenistanyň döwlet konserni “Türkmennebitiň” millionlarça dollarlyk bergisini tölemekde süýrenjeňlik etmegine bäş ýyl boldy.

Türkmen tarapy, şol sanda "Türkmennebit" konserni daşary ýurtly partnýorlarynyň öňündäki bergisi barada çap bolan bu maglumatlary resmi taýdan kommentirlemedi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy
Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda
"Türkmennebit" pul töläp biljek ýagdaýda däldigini 'aýdýar'
Türkmennebit’ $8,5 million bergisini indi dört ýyl bäri 'tölemeýär'
Taras Kopiý: Häkimiýetleriň Gaznada pul bar diýmegine garamazdan, “Türkmennebit” bergisini üzmäge gyssanmaýar
“Türkmengaz” metbugat habaryndan soň bergisini töledi