Türkmenmermer ÝGPJ döwrebap örtgi materiallaryny hödürleýär

Türkmenmermer ÝGPJ döwrebap örtgi materiallaryny hödürleýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň düzümine girýän Türkmenmermer ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dürli görnüşli örtgi materiallarynyň önümçiligine ýöriteleşendir.

Türkmenmermeriň önümleri, şol sanda dürli galyňlykdaky bezeg daşlary, arhitektura şekilleri, sütünler üçin örtgi plitalary, germewler, öý kaminleri we basgançaklar gurluşyk pudagynda uly islegden peýdalanýar.

Kärhana 2006-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylyp ulanmaga berildi. Zawodyň taslama kuwwaty ýylda 205 müň inedördül metr örtük önümleri bolup, bu önümleri baý görnüşleri bilen tapawutlanýarlar we binagärlere islendik stilde özboluşly dizaýn döretmäge mümkinçilik berýärler.

Zawodyň dünýäniň meşhur öndürijileriň döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýerli çig maldan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply materiallary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenmermer ÝGPJ importyň ornuny tutýan kärhana bolmak bilen, innowasion esasda önümçiligini giňeltmegi we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Telefon belgileri:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenmermer kärhanasy: tebigy daşdan döwrebap örtgi materiallary
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Owadandepe - Ahal welaýatynyň senagat merkezi
14.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY
“Türkmenistanyň senagaty” žurnalynyň ilkinji sany