Türkmenleriň gender deňligi babatdaky tagallalary we Google Terjimäniň 'gender stereotipleri'

Türkmenleriň gender deňligi babatdaky tagallalary we Google Terjimäniň 'gender stereotipleri'

Türkmenistanyň Milli bilim instituty 7-11-nji noýabr aralygynda mekdep mugallymlarynda gender başarnyklaryny emele getirmek we gender gün tertibini okuw işine goşmak boýunça okuw derslerini geçirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň resmi websaýty habar berdi.

Maglumata görä, okuw sapaklary Türkmenistanyň Bilimi ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilipdir.

Döwlet metbugaty interaktiw formatda alnyp barylýan okuwlaryň dürli ýumuşlar arkaly gender başarnyklaryny emele getirmäge gönükdirilendigini aýdýar.

“Ýumuşlar ýerine ýetirilenden soň, köpçülikleýin pikir alyşylýar we onuň ýerine ýetirilişi derňelýär” diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” ýazýar.

Okuwlaryň ilkinji güni synpda gender ugurly öwrediş gurşawyny döretmek başarnygyny emele getirmäge gönükdirilipdir. Şeýle-de, okuwlaryň dowamynda mugallymlaryň okuw işinde oglanlaryň we gyzlaryň deňligini üpjün etmegi, mekdepde okuwçylar üçin jyns taýdan howpsuz gurşawy döretmegi ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

BMG-niň Çagalar Gaznasy bäş gün dowam eden gender okuwlaryna Türkmenistanyň bilim pudagyndan 27 hünärmeniň gatnaşandygyny habar berýär.

27 hünärmeniň gatnaşan gender sapaklary Türkmenistanyň orta mekdeplerinde köpýyllyklaryň dowamynda emele gelen jyns gurşawy bilen bagly ýagdaýlary özgertmekde nä derejede täsir edip biler?Bu soraga jogap tapmak üçin, okuw sapaklarynyň hilinden we jikme-jik mazmunyndan habarly bolmaly. Ýöne gender deňligi bilen bagly ýagdaýlaryň Türkmenistanda ministrlik derejesinde gozgalmagy we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi gender deňligi ugrundaky synanyşyklardan habar berýär.

Galyberse-de, mekdep mugallymlary bilen gender deňligine bagyşlanyp geçirilen okuw sapaklary Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky habarlaryň ýygjamlaşan ýylyna gabat geldi. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary, hususan-da, ýaz aýlarynda Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki edara-kärhanalarda, şol sanda bilim edaralarynda aýal-gyzlaryň durmuşyna degişli çäklendirmeleriň güýçlendirilendigini habar berdiler.

Jemgyýetçilik pikiri

Azatlyk Radiosy ýyllarboýy Türkmenistanda adam hukuklarynyň, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň ýagdaýy barada habar berip gelýär.

Şol bir wagtda, soňky birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda, hem döwlet eýeçiligindäki maglumat giňişliginde, hem-de türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda gender deňligi bilen bagly ýagdaýlar giňden gozgalýar.

Bir tarapdan, döwlet metbugaty ýurtda gender deňligini gazanmak ugrunda tagallalaryň güýçlendirilýändigini habar berse, beýleki tarapdan, garaşsyz maglumat serişdeleri ýurtda hususan-da aýal-gyzlaryň depelenýän hukuklaryna ünsi çekdiler. Şeýlelikde, iki alternatiw maglumatdan birini saýlamak hukugyna eýe bolan türkmen dilli sosial media ulanyjylary köpçüligiň pikirini emele getirip, bu mesele bilen bagly özleriniň şaýat bolýan wakalaryny, gender deňligi babatynda özleriniň eýe bolan pikir-garaýyşlaryny paýlaşmak mümkinçiligine eýe boldular.

BMG-niň gender deňligi babatdaky global tagallalary

Dünýäde gender deňligini gazanmak Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamasynyň Bäşinji maddasy bolup durýar.

Milletler Guramasy dünýäde gender deňligini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki depgini bilen ýurtlaryň ýolbaşçy gatlagynda aýallaryň we erkekleriň deň derejeli wekilçiligini gazanmak üçin ýene 40 ýylyň gerek boljakdygyny çaklaýar.

Guramanyň hasabatyna görä, 2015-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň parlament agzalarynyň 22,4 göterimi aýallardan ybarat bolan bolsa, bu görkeziji 2022-nji ýylda 26,2 göterime ýetipdir. Şeýle-de, guramanyň hasabatyna görä, aýallar 2019-njy ýylda dünýädäki umumy iş güýjüniň 39 göterimini emele getiren bolsa, 2022-nji ýylda bu görkeziji 45 göterime ýetipdir.

Türkmenistanda gender deňliginiň ýagdaýyna dolanyp gelsek, resmi metbugat ýurtda erkekleriň we aýallaryň deň-derejeli mümkinçiliklerden peýdalanýandyklaryny aýdýar.

Düýbi Ženewada ýerleşýän “Parlamentara bileleşigiň” hasabatyna görä, Türkmenistanyň parlamentiniň 25,86 göterimi aýallardan, 63,2 göterimi ýaşlardan düzülýär.

Türkmenistanyň hödürleýän resmi sanlary ýurduň syýasat giňişliginde her näçe gender deňligi bilen bagly ösüşlere yşarat edýän-de bolsa, türkmen jemgyýetiniň reallyklary ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň ýagdaýy barada ikirjiňlenmelere ýol açýar.

BMG-niň dünýäde gender deňligini gazanmagy Durnukly ösüş sanawyna goşmagy gender meselesiniň ahlumumydygyny, globaldygyny, onuň diňe bir Türkmenistana ýa-da, aýdaly, Uganda degişli däldigini, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň basgylanmagynyň tutuş dünýäniň meselesidigini görkezýär.

Gender stereotipleri

7-11-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda geçirilen gender sapaklarynyň dowamynda “mekdep mugallymlarynyň gender aýratynlygyna esaslanýan pedagogika, gender stereotipleri we aralyk gender dili ýaly esasy terminlere düşünişi aýdyňlaşdyryldy” diýip, döwlet metbugaty ýazýar.

Aýallaryň we erkekleriň sosial rollary barada öňünden kabul edilen garaýyşlara “gender stereotipleri” diýilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi gender stereotiplerini adam hukuklarynyň bozulmagy hasaplaýar. “Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýa” gender bilen bagly zyýanly stereotipleriň öňüniň alynmagyna çagyrýar.

Meselem, “aýal adam maşyn sürmeli däl”, ýa-da “aýal ata çykmaz” diýlen düşünjeler gender stereotiplerine mysal bolup durýar.

Gender stereotipleri wagtal-wagtal gündelik durmuşda ýerine ýetirilýän işleriň bölünişiginde hem özüni görkezýär.

Türkmen halk nakyllarynyň arasynda ýygy-ýygydan gender stereotiplerine duş gelmek mümkin. Meselem, şu aşakdaky halk nakyllarynda nähili gender stereotipleri bar?

Är gezse rysky açylar, aýal gezse - aýby.

Äriň özi öýde otursa-da, hyýaly daşarda; aýalyň daşarda ýörse-de hyýaly içerde

Är törde synly, aýal - görde.

Är ýagşysy ile geňeşer, aýal ýagşysy - äre.

Han azsa, iline deger, aýal azsa - ärine.

Oguldyr döwletiň başy, gyz-da bolsa göwün hoşy.

Saç agarmak ata mirasy, sakgal agarmak aýal belasy.

Ýeňles aýal gyzyny toýa getirer.

Özüni öwen - akmak, aýalyny öwen - gurrumsak.

Alsaň aýal bolar, gonsaň - ýurt.

Aýal ada çapar, ýigit - buda.

Aýal adam - uýal adam.

Aýal gezse, gep getir, erkek gezse - nep.

Aýalyň soňky hilesi - aglamak.

Çagaly aýal - gül, çagasyz aýal - dul.

Çagasyz aýal - miwesiz agaç.

Erkekden galan nahar aýal üçin teperrik.

Ýagşy aýal - öý zynaty, ýaman aýal - boý zynaty.

Gender stereotipleri diňe bir halk nakyllarynda, ýa-da halk döredijiliginde ýok, olar durmuşyň özünde bar.Megerem, hut şonuň üçin, şeýle stereotipler real durmuşyň şöhlelenmesi hökmünde nakyllara, matallara, hüwdülere, galyberse-de, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerine, romanlara, goşgulara we beýleki eserlere siňipdir.

Hatda gender stereotiplerine şekillendiriş sungatyna degişli wizual eserlerde hem duş gelmek bolýar.Siwilizlenen global dünýäniň, adam hukuklaryny götergileýän ulgamlaryň we gymmatlyklaryň, garşysyna göreşmegi maksat edinýän, ýeri gelende hatda adam hukuklarynyň bozulmagy hasaplaýan, gender stereotipleri, adamzat taryhynda ähli halklaryň arasynda dürli görnüşlerde özakymlaýyn emele gelipdir.

Gadymyýetden bäri ynsan oglunyň duçar bolan durmuş şertleri gender stereotiplerini emele getiripdir.

Google Terjimäniň gender stereotipleri

Makalanyň adyndan belli bolşy ýaly, programmamyzyň dowamynda Google Terjimäniň hödürleýän terjimelerindäki gender stereotiplerine hem üns çekiler.

Bilşimiz ýaly, “Google” kompaniýasynyň hödürleýän onlaýn terjime hyzmaty bolan Google Translate, ýagny Google Terjime 2020-nji ýylyň fewralynda türkmen dilini terjime dilleriniň hataryna goşdy.

Google Terjime esasan Internet ulgamynda haýsydyr bir dilde bar bolan maglumat bazasynyň esasynda işläp düzýän terjime hyzmatlaryny häzirki wagtda 103 dilde ulanyjylara hödürleýär. Google kompaniýasynyň 2021-nji ýylda mälim eden maglumatlaryna görä, Google Terjime her gün 100 milliard sözi terjime edýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Google Terjime bir dilde ýazylan sözleri, söz düzümlerini we sözlemleri başga dillere terjime edýär.

Google Terjimäniň türkmen dilindäki gender stereotipleri baradaky gürrüňe dolansak, türkmen dilinde erkek adam üçin-de, aýal adam üçin-de şahs görkeziji “ol” at çalyşmasy ulanylýar. Ýöne beýleki käbir dillerde, şol sanda rus we iňlis dillerinde “ol” çalyşmasynyň ýerine aýal üçin başga, erkek üçin başga sözler ulanylýar.

Meselem, rus dilinde onluk ýöňkemede erkek adam üçin “он”, aýal adam üçin “она” at çalyşmasy ulanylýar.Iňlis dilinde onluk ýöňkemde erkek adama “he”, aýal adama “she” at çalyşmalary ulanylýar.

Google Terjime türkmen dilinde “ol” at çalyşmasyny öz içine alýan bir sözlemi başga dillere terjime edeninde, onluk ýöňkemede ulanylýan şahs görkezijisiniň erkek adamdygyny ýa-da aýal adamdygyny özi çaklamaly bolýar. Ynha, şeýle terjimelerde Google Terjime gender stereotiplerinden peýdalanýar.

Meselem, türkmen dilinde “Ol kitap okaýar” diýlen sözlemde “ol” görkezijisi ýerine ýetirilýän işiň erkek ýa-da aýal adam tarapyndan amala aşyrylýandygy barada hiç hili pikir bermeýär. Ýöne, meselem, iňlis dilinde “He is reading a book” diýilse, erkek adam kitap okaýar. “She is reading a book” diýilse, zenan kitap okaýar.

Bu sözlemlerde işi ýerine ýetirýän adamyň jynsy barada maglumat berilýär. Ýöne türkmen dilinde, aýdyşymyz ýaly, erkek üçin-de, aýal üçin-de, “ol” at çalyşmasy ulanylýar.

Şeýle bolsa, Google Terjime türkmen dilindäki üçünji şahsy görkeziji at çalyşmasyny nädip terjime edýär? Google şeýle ýagdaýda gender stereotiplerini ulanýan ýaly bolup görünýär.

Meselem, Google Terjime “Ol nahar bişirýär” diýlen habar sözlemini iňlis diline terjime edeninde, aýal adam nahar bişirýär diýip terjime edýär, ýagny “She is cooking” diýýär. Ýöne “Ol işe gidýär” diýlen sözlemde, Google “He is going to work” diýýär, ýagny erkek adam işe gidýär diýip, terjime edýär.

Bu ýerde Google Terjime ýerine ýetirilýän işe görä, ony ýerine ýetirýän adamyň erkekdigini ýa-da aýaldygyny aýdýar we gender stereotiplerini ulanýar.

Google “Ol eşik ütükleýär” habar sözlemini rus we iňlis dillerine “Ol [aýal/gyz] eşik ütükleýär” diýip, terjime edýär. Diýmek, gender stereotiplerine görä, köplenç aýallar eşik ütükleýär.

“Ol kompýuter programmasyny işläp düzýär” habar sözlemi, Google Terjimä görä, rus we iňlis dillerine “Ol [erkek adam] kompýuter programmasyny işläp düzýär” diýip, terjime edilýär.

Ol saçyna timar” berýär habar sözlemi “Ol [aýal/gyz] saçyna timar berýär” diýlip, terjime edilýär. Google Terjime aýal adam saçyny timarlaýar hasaplaýar.

Meselem, “Ol pişikleri halaýar” habar sözlemi “Ol [aýal/gyz] pişikleri halaýar” diýlip, terjime edilýär. Ýöne, Google “Ol itleri halaýar” habar sözlemini, “Ol [erkek adam] itleri halaýar” diýip terjime edýär. Google Terjimäniň gender stereotiplerine görä, görnüşinden, pişigi aýallar/gyzlar, itleri erkek adamlar gowy görüp bilýär.

Ýa-da bolmasa, “Ol giç agşama çenli aglady” habar sözlemi, Google Terjimä görä, “Ol [aýal/gyz] giç agşama çenli aglady” diýlip, terjime edilýär. Ýöne “Ol hezil edip güldi” diýlen sözlem, “Ol [erkek adam] hezil edip güldi” diýlip, terjime edilýär.

Google Terjimäniň gender stereotiplerine görä, aglaýanlar aýal-gyzlar, gülýän adamlar erkek adamlar bolup durýar.

Siz aşakdaky tablisada Google Translate ulgamynyň gender stereotiplerinden habar berýän käbir mysallar bilen tanyşyp bilersiňiz:

Google Terjimäniň türkmen dilinden terjime edýän käbir sözlemleri ulgamyň algoritmleriniň gender stereotiplerinden habar berýär

(türkmençe - iňlisçe terjime)

Türkmençe sözlem:

Google Translate:

(Bellik: Terjime bolşy ýaly alyndy)

Ol nahar bişirýär.

She is cooking.

Ol işe gidýär.

He goes to work.

Ol eşik ütükleýär.

She is ironing clothes.

Ol kompýuter programmasyny işläp düzýär.

He develops computer software.

Ol saçyna timar berýär.

She is combing her hair.

Ol adamzady halas edýär.

He saves the mankind.

Ol bäbegi naharlady.

She fed the baby.

Ol Mars planetasyna raketa uçurdy.

He launched a rocket to the planet Mars.

Ol çaga ýetişdirýär.

She is raising children.

Ol maşgalasyny söýýär.

He loves his family.

Ol giç agşama çenli aglady.

She cried until late at night.

Ol hezil edip güldi.

He laughed in amusement.

Ol gaýyn enesini halamaýar.

She doesn't like her mother-in-law.

Ol gaýyn enesini halaýar.

He likes his mother-in-law.

Ol oňa nahar bişirip berdi.

She cooked him some food.

Ol oňa gapy satyn alyp berdi.

He bought her a door.

Ol pişikleri halaýar.

She likes cats.

Ol itleri halaýar.

He likes dogs.

Ol pagta ýygýar.

He picks cotton.

Google Terjimäniň türkmen dilinden terjime edýän käbir sözlemleri ulgamyň algoritmleriniň gender stereotiplerinden habar berýär

(türkmençe - rusça terjime)

Türkmençe sözlem:

Google Translate:

(Bellik: Terjime bolşy ýaly alyndy)

Ol nahar bişirýär.

Она готовит.

Ol işe gidýär.

Он ходит на работу.

Ol eşik ütükleýär.

Она гладит одежду.

Ol kompýuter programmasyny işläp düzýär.

Он разрабатывает программное обеспечение для компьютеров.

Ol saçyna timar berýär.

Она расчесывает волосы.

Ol adamzady halas edýär.

Он спасает человечество.

Ol bäbegi naharlady.

Она кормила ребенка.

Ol Mars planetasyna raketa uçurdy.

Он запустил ракету на планету Марс.

Ol çaga ýetişdirýär.

Она воспитывает детей.

Ol maşgalasyny söýýär.

Он любит свою семью.

Ol giç agşama çenli aglady.

Она плакала до поздней ночи.

Ol hezil edip güldi.

Он весело рассмеялся.

Ol oňa nahar bişirip berdi.

Она приготовила ему еду.

Ol oňa gapy satyn alyp berdi.

Он купил ей дверь.

Ol pişikleri söýýär.

Она любит кошек.

Ol itleri söýýär.

Он любит собак.

Ol pagta ýygýar.

Он собирает хлопок.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy
Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy
Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy
"Google Translate"-de lukmançylyk görkezmeleriniň terjimesi howply bolup çykdy
Google Translate indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar
Türkmenistanda jerimeleri tölemek üçin “Galkan” mobil goşundysy işläp başlady