Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmenleriň arasynda rus familiýalaryndan gaçan durmak we türk atlaryna ýykgyn etmek ýaly täze döreýän meýillerden söz açýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen adam atlary we familiýalary babatynda täze ýüze çykýan bu ymtylyşlar barada ýurt içinde pikir soraşyk geçirdi.
Anonim şertde habarçy bilen gürrüňdeş bolan türkmenleriň ençemesi özleriniň familiýalaryndaky rus goşulmalaryny taşlamak isleýändiklerini mälim etdiler.
“Köp raýat familiýadaky rus goşulmalarynyň, ýagny “-ow”, “-ýew” ýaly goşulmalaryň aýrylmagyny isleýär” diýip, bir lebaply Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.
“Türkmenleriň taryhda ulanan familiýa aýdyş düzgünlerini dikeltmeli” diýip, başga bir intelligensiýa wekili aýtdy.
Ol Sowet Soýuzynyň düzümine giren beýleki käbir halklaryň, şol sanda ermenileriň, gürjüleriň, ukrainlaryň taryhda öz familiýalarynyň aýdylyş düzgünlerini saklap galandygyny mysal getirdi.
Munuň bilen intelligensiýa wekili ermenileriň arasynda, meselem, Agajanian, Bagdasarian, Sarkissian, Geworgiýan ýaly familiýalarda “-ýan” goşulmasynyň we beýleki goşulmalaryň, gürjülerde Barataşwili, Jugaşwili ýaly familiýalarda “-şwili”, Geladze, Meladze ýaly familiýalarda “-dze” goşulmasynyň we beýleki goşulmalaryň saklanyp galandygyny nazarda tutdy.
“Ermeniler, gürjüler, ukrainalylar öz milli familiýalaryndan ýüz öwürmändirler” diýip, intelligensiýa wekili sözüne goşdy.
Familiýalardaky rus goşulmalarynyň gözbaşy
Ýöne synçylara görä, türkmenler ýakyn taryhda rus täsiriniň, soňy bilen Sowet täsiriniň astynda uçdan tutma diýen ýaly “-ow”, “-ýew”, “-ýewa” ýaly rus goşulmalaryny kabul edipdirler.Türkmeniň ýakyn taryhyna degişli çeşmelerden çen tutulsa, familiýalara rus goşulmalaryň goşulmagy ýek-tük hem bolsa häzirki Türkmenistanyň territoriýasy Patyşa Russiýasynyň golastynda wagty başlanypdyr. Ýöne Türkmenistanda familiýalaryň ruslaşdyrylmagy we raýatlary pasportlaşdyrmak çäreleri Sowet döwründe möwç alýar.
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally 8-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda taryhda türkmen topragynda familiýalara rus goşulmalaryny goşmak düzgüniniň girizilmegi barada gürrüň berdi.
“Türkmenistanda bolşewikler partiýasy ýeňiş gazanandan soň, 1924-nji ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredildi.Ol 1925-nji ýyldan iş ýüzüne geçdi. Şol döwürden ýurduň raýatlaryny, ýagny graždanlaryny hasaba almak çäresi başlady.
Bu Graždan aktlarynyň ýazgysy diýlip atlandyrylýar.Graždan aktlarynyň ýazgysy rus görnüşinde geçirildi.Sebäbi türkmen görnüşi beýle bir ýörgünli däldi. Şonuň bilen birlikde, şol işleri edýän adamlar rus meýilli adamlar bolansoň, adamlary şol ugura gönükdirdiler.
Meselem, Gurban bolsa Gurbanow, Ata bolsa Ataýew ýaly rusçalaşdyrmak düzgünleri girizilip başlandy. Şeýdip hem adamlara pasport berdiler, dokument berdiler.Bu ýörgünli bolup gitdi.Bu, elbetde, milli däpleriň, öňden gelýän däpleriň bozulmagy boldy, düýpli bozulmagy boldy.
Ikinji bir tarapdan, onuň bir bähbitli tarapy bir adamyň nesliniň dowamlylygyny aňladýar” diýip, ýazyjy aýtdy.
Milliligiň döwlet wagzy, at çalyşmak endigi we familiýalardaky rus goşulmalary
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, ýurt ýolbaşçylary milli medeniýeti, milli däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek, milli kimlige dolanmak babatynda belent-belent sepgitleriň aşylandygyny aýtdylar. Ýurt baştutanlary milli ruhy kemala getirmek üçin yzly-yzyna “Ruhnama”, “Türkmeniň ruhy dünýäsi” diýen ýaly kitaplary öz atlaryndan çap etdirdiler.
Bu kitaplary okuw programmalaryna girizdiler.Türkmeniň “bäş müň ýyllyk taryhy” barada buýsanç sözlerini beýan etdiler, halky “ruhubelentlige” çagyrdylar.Paýtagt Aşgabadyň seýilgählerini, esasy skwerlerini türkmeniň milli ruhunyň heýkelleri bilen doldurdylar.
Hatda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow pars dilinden gözbaş alýan hepdäniň günleriniň atlaryny türkmençeleşdirip, olara “baş gün”, “ýaş gün”, “hoş gün” diýen ýaly, köplere görä, geň-taň atlary dakdy, aýlaryň atlaryny türkmençeleşdirip, olara “sanjar”, “türkmenbaşy” diýen ýaly türkmen atlaryny dakdy. Ýöne ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanda şäherleriň, etraplaryň, obalaryň; günleriň, aýlaryň; ýene köp zatlaryň atlaryny türkmençeleşdirmek syýasatyny ýöretseler-de, olaryň hiç haýsy türkmen familiýalarynyň soňundaky rus goşulmalarynyň terk edilmeginden söz açmady.
Türkmen kanunçylygy familiýanyň türkmençeleşdirilmegini ýa-da rusçalaşdyrylmagyny raýatyň öz ygtyýaryna berýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýada iň birmilletli döwletdir. Ol sebitde ilaty iň gomogen etniki kimlige eýe bolan döwletdir. ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 85 göterimi etniki türkmenlerdir.
Merkezi Aziýada umumy tendensiýalar
Post-sowet ýurtlaryndan Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmon öz ýurdunda familiýany millişeldirmek meselesini gozgady. Ol 14 ýyl töweregi mundan ozal, 2007-nji ýylda täjik familiýalaryndaky rus goşulmalarynyň aýrylmagyny teklip etdi hem-de öz eden teklibinden soň, ilkinji bolup özüniň “Rahmonow” familiýasyny “Rahmona” öwürdi.
Täjikler familiýanyň täjikçeleşdirilmegine degişli düzgüni geçen ýyl kanunçylyk bilen berkitdiler.Degişli täjik kanunçylygyna 2020-nji ýylyň aprelinde girizilen soňky üýtgetmeler täze dokument alýan adamlara, hususan-da ýaş çagalara we ýetginjeklere rus goşulmaly familiýalaryň dakylmagyny gadagan edýär, muňa derek kanunçylyk “-zoda”, “-iýon” ýaly täjik goşulmalarynyň familiýalara berkdilmegini talap edýär. Ýöne bu kanunçylyk Täjigistanda ýaşaýan özge milletleriň wekillerine degişli däl.
Ekspertler Täjigistanyň bu ädimine “milliligi berkitmek ugrunda atylan ädim” hökmünde baha berdiler. Ýöne bu kanun kabul edilende täjigistanlylaryň arasynda muňa garşy çykan, familiýalardaky rus goşulmalarynyň saklanyp galynmalydygyny aýdan adamlar hem boldy.
Ýazyjy Hudaýberdi Hally Täjigistanda familiýalaryň millileşdirilmegine hususan-da Russiýada ýaşaýan täjik migrantlarynyň garşylyk bildirendigini aýtdy.
“Täjikler Orsýete köp gidýärler.Täjigistanyň pul serişdeleriniň, walýuta serişdeleriniň 40 prosente golaýy Russiýadan gaýdýar. Şonuň bilen birlikde, Russiýa täjiklere rus pasportynyň berilmegini ýeňilleşdirdi.Russiýa gidip işleýän täjikler öz familiýalaryny täjikleşdirmekden gaça durýarlar. Şeýle faktlar bar.
Meselem “-ow” ýa-da “-ew” ýerine “-zada” ýa-da “-zot” goşulmalaryny almak islemeýänler bar.Sebäbi olar üçin aňyrda [Russiýada] “-ow” ýa-da”-ýew” familiýasy bilen özlerini tanatmak has ýeňil bolýar” diýip, ýazyjy aýtdy.
Täjigistanda familiýalaryň täjikleşdirilmegine degişli talaplar, täze dokument alýan adamlara degişlidir.
Familiýany millileşdirmek, ondan rus goşulmalaryny aýyrmak meýilleri sebitiň beýleki ýurtlarynda-da ýokarlanýar. Gyrgyz mediasyna görä, meselem, diňe 2017-nji ýylyň özünde Gyrgyzystanda 33 müň adam at-familiýasyny çalyşdy we olaryň köpüsi familiýalaryndaky rus goşulmalaryny terk edip, “uulu/kyzy”, ýa-da “-tegin” ýaly gyrgyz goşulmalaryny aldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen atlandyrylmazlyk şertinde söhbetdeş bolan türkmen intelligensiýa wekili familiýa babatynda Täjigistanda girizilen mejbury talaba salgylanyp, bu ugurda türkmenleriň arasynda ýüze çykýan soňky tendensiýalara syn berdi.
Onuň sözlerine görä, hususan-da türk we arap ýurtlarynda işleýän türkmenistanlylaryň arasynda rus familiýalaryndan uzaklaşmak meýilleri ýüze çykýar. Olar özleriniň familiýalaryndaky rus goşulmalaryndan el çeken ýagdaýlarynda, iş berijiler bilen öz aralarynda has aňsat “dil tapyşmak mümkinçiliginiň dörejegine” ynanýar.
Lebaply ýene bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde täze doglan çagalara dogluş hakyndaky şahadatnama berlende olaryň familiýalaryna rus goşundylarynyň mejbury goşulýandygyny aýtdy.
Türkmen kanunçylygy
Türkmen kanunçylygyna görä, raýatlar öz familiýalaryna rus goşulmalaryny goşmaga mejbur däl.
Şeýle-de, kanunçylyk on sekiz ýaşyna ýeten raýatyň öz adyny, familiýasyny, atasynyň adyny belli halatlarda üýtgetmäge rugsat berýär. Bu maglumatlaryň üýtgedilmegi raýatyň ýaşaýan ýerindäki Raýat Ýagdaýynyň Namalarynyň Ýazgylary (RÝNÝ) döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Eger, meselem, kämillik ýaşyna ýeten raýat gulaga ýakymsyz eşidilýän ýa-da aýtmasy kyn bolan familiýasyny, adyny ýa-da atasynyň adyny üýtgetmek islese, ony üýtgetmäge doly hukuklydyr. Bu kanunçylyk esasynda raýatlar öz familiýalaryndaky rus goşulmalaryny hem aýyrmaga haklydyr.
Ýazyjy Hudaýberdi Hally 1990-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistanyň parlamentinde Türkmen dilini döwlet dili hökmünde ykrar eden kanunyň taýýarlyk işleri üçin düzülen komissiýada orun aldy. Ol bu kanunçylygyň isleg bildirýän raýatlara öz familiýalaryny türkmençeleşdirmäge ýa-da ony türkmençeleşdirmezlige rugsat berýändigini aýtdy.
“Şu ýerde bir taryhy fakty bellemeli. 80-nji ýyllaryň aýaklarynda türkmen edebi diline döwlet dili statusy bermeli diýlen hereket ýüze çykdy.Ol köpçülik tarapyndan alnyp göterildi. Şonuň yz ýany, türkmen diline döwlet dili statusy berilmeli edildi. Şonuň bilen birlikde-de, türkmen diline döwlet dili statusynyň berilmegi barada komissiýa döredildi.
Ol Ylymlar akademiýasynyň ýanynda döredildi.Oňa Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, taryh ylymlarynyň doktory, professor Myrat Annanepesow ýolbaşçylyk etdi.Men şol komissiýanyň düzümine girdim. Şeýle-de, ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew şol komissiýanyň düzümine girdi, belli dilçi Haýdar Muhyýew şol komissiýanyň düzümine girdi.
Başga-da birnäçe adamlar boldy. Şeýle komissiýa işledi hem şol karary taýýarladylar. Şol kararda aýdylyşyna görä, “islendik adam öz familiýasyny türkmenleşdirip hem bilýär, türkmenleşdirmäni hem bilýär” diýlen punkt bar.
Ol adamyň öz meýline bagly diýlen punkt girizildi şol ýere, ýöne bu her kimiň, her şahsyň özüne degişli bolmaly” diýip, ýazyjy aýtdy.
Milliligiň rowaçlanmagy we gadagançylyk
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lebaply ýaşaýjylar, familiýalardaky rus goşulmalaryny terk etmek barada barha ýokarlanýan tendensiýalara garamazdan, Türkmenistanda täze doglan çaganyň familiýasynyň türkmençeleşdirilmegine rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.
Ýazyjy Hudaýberdi Hally artýan soňky meýilleri halk arasynda milli duýgy-düşünjeleriň barha rowaçlanmagy bilen düşündirdi.
“Owaly bilen milliligiň uly täsiri bolýar. Her bir adamda öz milletine öz halkyna golaý bolmak, şol medeniýetiň arasynda bolmak höwesi döreýär her bir adamda. Şol milli duýgy adamda, eger onuň familiýasy “Gurbanow” ýa “Ataýew” ýa şol ýaly “-ow” bilen “-ew” bilen gutarýan bolsa, ony türkmenleşdirmek höwesi döreýär” diýip, ýazyjy aýtdy.
“Türkmenleriň türk atlaryna ymtylmagy tebigy ýagdaý”
Ýöne beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy ilat arasynda familiýalaryň rus görnüşinden halas bolmak meýilleri barha ýokarlanýan wagty, muňa aýakdaş, ýaş çatynjalaryň arasynda täze doglan çagalara türk atlaryny dakmak meýilleriniň hem artýandygyny habar berýär.
“Diňe Farap etrabynyň özünde 2020-nji ýylda doglan çagalaryň köpüsine türk seriallaryndaky gahrymanlaryň ady dakylypdyr” diýip, Farabyň RÝNÝ edarasynyň bir işgäri atlandyrylmazlyk şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, soňky döwürde meşhurlyk gazanýan atlaryň arasynda gyz çagalar üçin Zerin, Esra, Melek, Zeýnep, Çiçek, Nefise ýaly atlar; oglan çagalar üçin Mert, Emre, Nejat, Halit ýa-da Imran ýaly atlar bar.
Şeýle-de, habarçy Türkmenistanda täze doglan çagalara dakmaga rugsat berilýän adam atlarynyň ýörite sanawynyň çap edilendigini habar berdi.
“90-njy ýyllaryň aýaklarynda ilki Türkiýäniň işewür toparlary Türkmenistana geldiler, türkmenler bilen tanyşdylar.Soňky döwürde Türkmenistanyň işçi migrantlary Türkiýä gidip başladylar. Şonuň bilen birlikde Türkiýäniň telewideniýesine köp üns berilýär.
Türkmen telewideniýesinde görer ýaly zat bolmansoň, millet ýa rus telewideniýesini, ýa-da Türkiýäniň telewideniýesini, köplenç hem Türkiýäniň telewideniýesini ürç edip görýärler. Şonuň üçin hem türk atlarynyň, türk familiýalarynyň Türkmenistanda meşhur bolmagy gaty bir tebigy zat” diýip, ýazyjy Hudaýberdi Hally aýtdy.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan faraply bir bilermen hem ilat arasynda türk atlarynyň ýoň bolmagynyň aňyrsynda ykdysady we medeni täsirleriň bardygyny aýtdy.
“Birinjiden, türkmenistanlylar esasan Türkiýä gidip gazanç edýär. Ertirki gün çagasy ulalyp, Türkiýä gidip işlän ýagdaýynda öz adyndan çekinmesin diýen niýet bilen dakylýar. Ikinjiden, admalar türk kanallaryna köp tomaşa edýär” diýip, bilermen aýtdy.
Türkmenistanda ilatyň köp bölegi ýa rus, ýa-da türk telewideniýesine tomaşa edýär.
Şeýle-de, dürli çeşmelere görä, ýüzlerçe müň türkmenistanly Türkiýede işçilik edýär. Türk we türkmen halklary medeni taýdan, dil taýdan birek-birege ýakyn hasaplanýar.
Taryhda türkmen familiýalary
Türkmenler familiýalaryny türkmençeleşdirende, onuň yzyndaky rus goşulmasyny aýyrýarlar, ýa-da atasynyň adynyň yzyna “ogly” ýa-da” gyzy” ýaly goşulmalary goşýarlar.Geçmişde türkmenler tire-taýpa, atlaryny ýa-da ýer-ýurt atlaryny hem familiýa hökmünde ulanypdyrlar.
Meselem, Gurbangeldi Çowdur, Geldihan Ýemreli, Allaberdi Hoja, Begnazar Ärsary ýaly atlarda familiýa tire-taýpa atlarydyr.Has irki gündogar antroponimiýasy barada aýdylanda, meselem, al-Farabi, al-Biruni, al-Horezmi ýaly gündogar familiýalary olaryň ýaşaýan ýerlerini aňladýar. Şeýle-de, türkmenlerde aýal-gyz durmuşa çykandan soň, onuň adynyň yzyna adamsynyň ady familiýa hökmünde goşulypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.