
Dünýäde çalt depginlerde özgerip barýan syýasy ýagdaýlaryň fonunda, döwletleriň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine sarpa goýulmagy ýaly möhüm şertler dünýä parahatçylygynyň, kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan halkara dünýä tertibiniň aýrylmaz bölegi hökmünde öz ähmiýetini saklap gelýär.
Şu günler Russiýanyň Ukrainada üç ýyl bäri dowam etdirýän urşuny soňlatmak boýunça diplomatik tagallalar güýçlenýän mahaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Ukraina boýunça geçirilen ses berişlikde ýene bir gezek Ukrainanyň territorial bitewiligi nygtaldy.
1990-njy ýyllaryň başlarynda Sowet Soýuzynyň synmagy bilen, bu birleşigiň eýelän territoriýalarynda 15 sany aýrybaşga, garaşsyz döwlet emele geldi. Bu döwletleriň garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy we territorial bitewiligi BMG hartiýalary bilen ykrar edildi.
Ýöne käbir synçylara görä, Ukrainada dowam edýän uruş şeýle ykrarnamalaryň ynjyk taraplaryna ýene bir gezek ünsi çekýär.
Döwletleriň territorial bitewiliginiň hem-de özygtyýarlylygynyň ähmiýeti barada aýdylýan sözleriň iri halkara guramalaryň münberlerinde bat bilen ýaňlandyrylýan pursatlarynda, Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy türkmenleriň düşünje dünýäsinde, pikir örüsinde we syýasy gözýetiminde döwletlilik we territorial bitewilik ýörelgeleriniň tutýan ornuna nazar aýlaýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.