Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Şeýle görnüşli sergi muzeýiň taryhynda ilkinji gezek bolup, onda toý kerweni, kejebe bezemek ýaly milli däpler içgin öwrenilip, düýe bezemegiň gadymy däplerini açyp görkezýän bezegleriň dürli görnüşleri görkezildi.
Ata-babalarymyz düýedarçylyk bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary nesillere miras galdyrypdyrlar.Düýe maly hojalykda örän möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.Tebigatyň çöl üçin ýaradan bu owadan jandarynda biziň ata-babalarymyz uzaklara syýahat edipdirler.
Gadymy döwürlerde türkmen toýlarynyň esasylarynyň biri bolan gelin toýunda, düýeleriň iň naýbaşysy akmaýa saýlаnyp, ol iň owadan bezeg esbaplar bilen bezelipdir.Olardan düýebaşlyk, düýehalyk, asmalyk, boýunlyk we düýe-yzlyk ýaly bezeg önümlerini aýtmak bolar.
Bu bezegler haly önümlerden ýa-da mata böleklerden tikilen esbaplar bolupdyr.Akmaýanyň üstünde ýörite gelin oturtmak üçin kejebe gurnapdyrlar.Kerweniň geçmeli ýoly uzak bolan ýagdaýynda kerwenler ýörite burunlyk arkaly biri-birine baglanypdyr.
Bezeg hökmünde bolsa düýeleriň dyzlaryna ýörite düýe-dyzlyk ýa-da jaňjagazlar dakylypdyr.
Bu gadymy bezegleriniň asyl nusgalary bu günki serginiň esasyny düzdi. Sergi gelen myhmanlarda uly täsir galdyrmak bilen, düýe bezemegiň gadymy däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew hormat bilen açdy.
Sergide ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Garagum žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Medeniýet we syýahat žurnalynyň jogapkär kätibi Aýjan Saparowa, Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň Myhmanhana işewürlik kafedrasynyň mugallymy Gülşat Pirjanowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Çeperçilik dikeldiş we rejeleýiş işler bölüminiň 1-nji derejeli rejeleýjisi (etnograf) Allanazar Sopyýew çykyş etdiler.