Türkmenistanlylar Google Play we App Store ýaly daşary ýurt Internet bazarlaryna töleg geçirmekde kynçylyklara sezewar bolýarlar. Döwlet bankynyň bu ugurda ýaňy-ýakynda müşderilere hödürläp başlan täze hyzmaty töleg meselesiniň doly hötdesinden gelip bilmeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň aşgabatly we türkmenabatly çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurt onlaýn dükanlarynyň tölegleri bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýär.
“Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýaňy-ýakynda daşary ýurt onlaýn dükanlaryna, meselem, Google Play, App Store, Steam ýaly onlaýn dükanlara, ýa-da Netflix, Booking.com ýaly ulgamlara töleg geçirmäge mümkinçilik berýän wirtual bank kartlaryny hödürläp başlady. Ýöne bu wirtual kartlar arkaly daşary ýurt walýutasynda töleg geçirilende walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça hasaplaşyk geçirmäge rugsat berilmeýär” diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.
Müşderiler özleriniň wirtual bank kartlaryna daşary ýurt walýutasynda pul geçirip, şonda soňra daşary ýurt töleglerini geçirip bilýärler.
“Wirtual bank kartlary açylandan soňra, öz hasabyňa, meselem, [dollarda] 100 dollar pul goýmaly. Şondan soňra daşary ýurt onlaýn dükanlaryna töleg geçirip bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda daşary ýurt online söwda bazarlaryna, şol sanda güýmenje platformalaryna gyzyklanma bildirilýändigini, ýöne bar bolan päsgelçilikleriň bu mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna doly rugsat bermeýändigini aýdýarlar.
“Meselem, ýaşlar Steam oýun platformasyndan dürli hilli wirtual önümleri, ýa-da oýunlary satyn almak maksady bilen döwlet bankynyň hödürleýän täze hyzmatyndan peýdalanmaga isleg bildirýärler. Emma adamlaryň gara bazardan dollar satyn alyp, bank hasaplaryna geçirmäge gurby çatmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň ýaşaýjylaryny sitirleýär.
Steam oýun platformasynyň agzasy bolan türkmenabatly bir ýaş ýigit özüniň PUBG (PlayerUnknown’s Battleground) oýun hasabyna pul geçirmek üçin, öňler daşary ýurt banklarynda hasaby bolan “araçylaryň” hyzmatlaryndan peýdalanýan ekeni. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýaňy-ýakynda müşderilere hödürläp başlan wirtual kartlaryny ilkibaşda özüne çekiji hasaplandygyny aýdýar, ýöne soňra bank amallary bilen bagly päsgelçiliklere göz ýetirýär.
Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň goşa bahasy saklanyp galýar. Şol bir wagtda, döwlet walýutanyň resmi söwdasyny berk çäklendirýär. Merkezi bank dollaryň resmi bahasyny 3,5 manat hökmünde kesgitleýär. Ýöne dollaryň gara bazar bahasy resmi kursdan 5-6 esse ýokary bolmagynda galýar. Banklar daşary ýurt walýutasynyň erkin söwdasyna rugsat bermeýär.
Bu ýagdaý, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, hamala, amatly walýuta söwdasyny wada berýän käbir kezzaplaryň hilegärlik oýunlaryna şert döredýär.
“Özlerini araçy atlandyrýan käbir kezzaplar, döwlet daşary ykdysady iş bankynda özleriniň tanyşlarynyň bardygyny, wirtual bank kartlarynyň eýeleriniň manatlaryny dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça dollara çalşyp bermegi wada berip, adamlaryň pullaryny alyp, ýitirim bolýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary hilegärlik hadysalarynyň paýtagtda we ýurduň köp ilatly şäherlerinde has köp hasaba alnyp başlanandygyny habar berýärler.
Türkmenabatly Steam agzasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bu hili hilegäre özüniň 3 müň manat pul serişdesini aldyrandygyny gürrüň berýär.
Onuň sözlerine görä, hilegärler, özleriniň tanyşlarynyň kömegi bilen, wirtual kartlara 800 manada 100 dollar goýup bermegi wada berýärler. Bu söwda dollaryň gara bazar bahasyndan 2-3 esse amatly bolansoň, köplerde gyzyklanma döredýär.
“Men wirtual kartyma dollar geçirmekde ýardam wada beren bir kezzaba 100 dollar depozit üçin 800 manat, goşmaça 250 dollar üçin 2000 manat, hyzmat üçin 200 manat töleg töledim. Ol bu pullary meniň bank kartyma dollar görnüşinde geçirip bermäge ýardam wada berdi. Soňra bolsa pullarymy hem alyp, ýitip gitdi” diýip, türkmenabatly ýaş ýigit gürrüň berýär.
Türkmenabatly çeşmeler şeýle adamlara häkimiýetler tarapyndan arka çykylýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, ýurda aralaşan agyr ykdysady krizisiň fonunda, 2018-nji ýylyň fewralynda Visa we Mastercard bank kartlary arkaly nagt nagt däl hasaplaşyklary togtatdy. Şeýle-de, döwlet banky halkara kartlar arkaly internet hasaplaşyklaryny 2017-nji ýylyň mart aýynda ýatyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.