Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

13-nji iýunda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gilbert F.Hungbo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Halkara zähmet konferensiýasynyň 111-nji sessiýasynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşykda taraplar Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2023-nji ýyl üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmek bilen bagly öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy. Şeýle-de Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlaryny guramak bilen bagly meselelere hem seredildi.

Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Türkmenistan Hökümetiniň ilaty durmuş taýdan goramak, iş üpjünçiligini we zähmet şertlerini yzygiderlili gowulandyrmak babatda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti 111-nji Halkara zähmet konferensiýasyna gatnaşýar
12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
15.11.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Aşgabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi