Türkmenistanyň ýygyndysy saýlama tapgyryny ýeňiş bilen tamamlady

/* custom css */ .td_uid_19_60c0af6f457e2_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c0af6f457e2_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Geljek ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä Kubogynyň Aziýa yklymy boýunça 2-nji saýlama tapgyryndaky jemleýji oýnunda ildeşlerimiz ýeňiş gazandy.

Günorta Koreýanyň Goýan şäheriniň adybir stadionynda oýnalan oýunda Türkmenistanyň ýygyndysy Liwanyň ýygyndysyndan 3-2 üstün çykdy.Birinji ýarymy golsuz geçen oýunda ilkinji bolup ildeşlerimiz hasaby açdy.Oýnuň 59-njy minutynda Zafar Babajanowyň ildeşlerimiz öňe saýlady.

Liwanlylar 2 minutda 2 gol geçirip hasaby deňlediler.Oýnuň 73-nji minutynda Ataýa, 75-nji minutynda Saad tapawutlandy.Bu gollardan soň hüjüm baryny eden türkmen futbolçylary 85-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýewiň goly bilen hasaby deňlediler.

Bir minutdan soňam Liwandan Mansur gyzyl kart aldy.Oýnuň 90+1-nji minutynda-da Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenistanyň ýygyndysy toparçada 3-nji ýeri eýeläp, saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny tamamlady.

Demirgazyk Koreýanyň ýaryşdan çekilmegi bilen milli ýygyndymyzyň şolar bilen geçiren oýnunda gazanan 3 utugy aýrylypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň jemi jemledi
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylan futbolçylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etjek düzümi mälim boldy
Türkmenistan ― Bangladeş duşuşygynyň başlangyç düzümleri belli boldy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi