Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. Häzire çenli ýaryşlaryň geçirilen günleriniň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda dürli gymmatlyga bolan medallaryň 62-si ýygnandy. Şolaryň 29-sy altyn, 21-si kümüş we 12-si bürünç medallardyr.
Türkmen milli göreşi boýunça tutluşyklar garaşylyşy ýaly, şu gün türgenlerimiz üçin ýeňişlere baý boldy. Şonda nusgawy görnüşde baýraklaryň ykbaly kesgitlendi, türgenler agram derejeleriniň ählisinde güýç synanyşdylar. Erkin görnüşde baýraklar ugrunda bäsleşilen 16-njy sentýabrda bolşy ýaly, özlerine ýakyn bolan sportuň görnüşinde ýene-de ýokary ussatlygyny görkezip, türkmen pälwanlary oňat netijeleri gazandylar.
Ýurdumyzyň wekilleriniň 19-sy finala çykdylar, final duşuşyklarynyň altysynda diňe türkmenistanlylar çykyş etdiler, bu bolsa eýýäm biziň toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirdi.
Milli türkmen göreşiniň nusgawy görnüşinde erkekleriň arasynda Rejepaly Orazalyýew 100 kilogramdan gowrak agram derejesinde, Seýdi Batyrow 100 kilograma çenli, Allanur Goçow (57 kg), Ismaýyl Orazow (62 kg) Döwletgeldi Berdiýew (68 kg) Rejepgeldi Gylyçnyýazow (75 kg), Hanmuhamet Patdyýew (82 kg), Murgapgeldi Atdaýew (90 kg) altyn medallary eýelediler.
Zenanlaryň arasynda altyn medallara Jahan Muhamedow (70 kg ýokary), Laçyn Badaglyýewa (52 kg), Zuhra Madraimowa (58 kg), Gülnar Haýytbaýewa (63 kg), Nasiba Surkiýewa (70 kg) mynasyp boldular.
Göreşiň şu görnüşinde ýygyndymyzyň gazananlarynyň hatarynda Jepbap Atamammedow (100 kg ýokary), Kerim Rejepow (100 kg), Satlyk Myradow (57 kg), Isgender Aşyrow (62 kg), Arslan Hojamberdiýew (68 kg), Bäşim Orazow (75 kg) kümüş medallary goşdular.
Milli türkmen göreşinde biziň toparymyzda bürünç medallara zenanlaryň arasynda Maksuda Ýegemberdiýewa (70 kg. gowrak agram derejesinde), Zarina Abdyrahmanowa (58 kg), Rano Uzakowa (70 kg) eýe boldular.
Aziadada göreş boýunça baýraklaryň ählisiniň eýeleri kesgitlenen bolsa,jiu-jitsu boýunça ýaryşlar ertir tamamlanar. Ýöne şu günki gün hem “Ne-waza” görnüşinde geçen tutluşyklara baý boldy. Şonda esasan bürünç baýraklaryň eýeleri kesgitlendi. Üçünji orna Mergen Joraýew (85 kg) we Janibek Atajanow (94 kg) mynasyp boldular.
Taý boks boýunça ýaryşlar dowam etdi. Birinji aýlawyň bäsleşikleri geçirilip, olaryň ýeňijileri ýaryşlaryny dowam ederler. Sportuň bu görnüşinde türkmenistanlylar Nurgeldi Ataýew 63,5 kilograma çenli agram derejesinde we Muhammetnur Meläýew (75 kg) degişlilikde Makaodan bolan Çan Çi Lamadan hem-de özbegistanly Alijon Isroilowadan üstün çykyp, çärýek finala geldiler.
Ştanga götermegiň ussatlary hem şu gün göreşe goşuldylar. Şunda zenanlaryň arasynda ýurdumyza 48 kilograma çenli agram derejesinde wekilçilik edýän Ýulduz Jumabaýewa birden we itip götermekdejemi 189 kilogram toplap, birinji orna eýe bolan HHR-dan bolan türgenden bary-ýogy bir kilogram yza galyp, kümüş medala mynasyp boldy.
“A” toparçada Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary futzal boýunça ýaryşda Gonkongyň toparynyň garşysyna oýun geçirip, 7:1 hasabynda ynamly ýeňiş bilen bäsleşige başlady.Eýýäm üçünji minutda biziň toparymyz öňe saýlandy hem-de birinji ýarymyň ahyryna çenli ýene-de iki pökgini derwezä salyp, üstünligini artdyrdy.
Ikinji ýarymyň başynda bolsa türkmen futzalçylary oýnuň ykbalyny çözüp diýen ýaly, ýene-de dört pökgini derwezä geçirdiler.Gonkongyň toparyna diňe bir pökgi jogap bermek başartdy.Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Serdar Rejepow iki pökgini geçirdi.