Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Ýaponiýanyň täze bellenilen ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Ýaponiýanyň täze bellenilen ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Ýaponiýanyň bu ýurtda täze bellenen ilçisi Akamatsu Şuiçi bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda geçirilen duşuşykda A.Möwlamow Ýaponiýanyň ilçisini diplomatik korpusyň ýaşaýyş we iş şertleri, şeýle hem diplomatik korpusyň duaýeniniň işi bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň diplomaty Ýaponiýanyň ilçisi bilen netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyga bil baglaýandygyny mälim etdi.

Akamatsu Şuiçi özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, wagt tapyp kabul edendigi we gyzgyn garşy alandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege üstünlik arzuw edip, gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşdylar diýlip, Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabatda Ýüpek ýoly medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Lukaşenko Pakistanda Saparda Bolýar
Türkmen ilçisi Pakistanyň nebit ministrini Türkmenistana sapara çagyrdy
Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Yslamabatda Türkmenistanyň ilçisi bilen Pakistanyň Senatynyň başlygynyň duşuşygy geçirildi
Yslamabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi