Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
“Häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklary örän giň ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyk, aýan we dostlukly gatnaşyklar, gürrüňsiz, bu ýagdaýyň esasy şerti bolup durýar.
Siziň bilen geçirýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara ýagdaýlaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan yzygiderli duşuşyklarymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy esasa öwrüldi” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň hatynda bellenilýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany we türkmen halkynyň Milli Lideri ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Gazagystanyň Respublika güni her ýylyň 25-nji oktýabrynda, 1991-nji ýylda Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi we döwlet özygtyýarlygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi mynasybetli bellenilýän döwlet baýramydyr.