Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini, ýolbaşçylaryň, hemişe bolşy ýaly, Awazada, Arçmanda we Ýylysuwda ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça öňdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günlerinde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanda ýolbaşçylar düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli şypahanalarda dynç alar
Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany