Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik jemlendi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik jemlendi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Iňlis dilinde makala ýazmak döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlandy.

Bu bäsleşige ýurduň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan 120 töweregi talyp gatnaşdy.

Bäsleşigiň ýeňijileri

I dereje boýunça

Baýrakly 1-nji orun — Sülgün Bazarowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Seýli Aryşow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Bibijan Aşyrowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Oguljan Rozyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Sona Halykowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Tawus Akjaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

II dereje boýunça

Baýrakly 1-nji orun — Altyn Orazberdiýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby;

Baýrakly 1-nji orun — Sylap Taganow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby;

Baýrakly 1-nji orun — Baýnazar Nepesow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Dinara Haýydowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Jennet Begenjowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Suraý Agalyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Nuraly Rejebow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby;

Baýrakly 2-nji orun — Şahnoza Eminowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Gülalek Agajanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Gülhan Garlyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Sähra Taňryberdiýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Aýsona Sammyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Begenç Magtymgulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby;

Baýrakly 3-nji orun — Isa Hemraýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Arkadag şäherine ESQR Quality Choice Prize atly ýokary hil baýragy gowşuryldy
“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny