Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Bütindünýä reýting guramasy (Times Higher Education) tarapyndan geçirilen Impact Rankings 2022 sanawyna girizildi.
Times Higher Education Impact Rankings sanawy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (BMGDÖM) laýyklykda bahalandyrylýan ýeke-täk netijeliligiň global sanawy hasap edilýär. Bu sanaw 2018-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilip, eýýäm Ýer ýüzünde giň meşhurlyga eýe boldy. Ol BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde ýokary okuw mekdepleriň gazanan üstünliklerine esaslanýan uniwersitetleriň jemgyýete edýän täsirini görkezýär.
Sanawa 110 ýurtdan 1500-den gowrak ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Oňa gatnaşmak üçin materiallar we resminamalar ýygyndysy 2021-nji ýylyň güýzünde başlanyp, netijeleri bolsa 2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde yglan edildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti şu sanawda görkezilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça gatnaşdy:
DÖM 4 (Ýokary hilli bilim); DÖM 7 (Elýeterli we arassa energiýa); DÖM 9 (Senagat, innowasiýalar we infrastruktura); DÖM 17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk).
Ýokary hilli bilim (DÖM 4) boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi iň gowy 800 sany ýokary okuw mekdepleriň hataryna goşuldy. Belläp geçsek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ilkinji gezek şeýle abraýly dünýä sanawyna girmegi başardylar.