Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dekanlar köpçülikleýin işden çykarylýar

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dekanlar köpçülikleýin işden çykarylýar

Türkmenistanyň ençeme, hususan-da, Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) dekanlar köpçülikleýin işden çykarylyp, olara derek täze bilim işgärleri wezipä bellenilip başlandy. Ýagdaýdan habarly bilim işgärleri bu kadr çalşygynyň sebäplerini, ýurtda amala aşjak häkimiýet çalşygynyň öňüsyrasynda, "iş ýerleriniň, wezipeleriň satylyp başlanmagy" bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada paýtagtdan habar berýän habarçysynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde ýurduň ÝOJ-larynyň ençemesinde dekanlar işden boşadyldy. Olara derek täze bilim işgärleri wezipä bellenildi.

Habarçymyzda kadr çalşygynyň amala aşan ÝOJ-lary we olaryň sany barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Onuň sözlerine görä, duýdansyz amal edilýän bu çäreleriň sebäpleri barada aç-açan maglumat berilmeýär. Ýöne ýagdaýdan habarly bilim işgärleriniň ençemesi bu kadr çalşygynyň sebäplerini, ýurtda amala aşjak häkimiýet çalşygynyň öňüsyrasynda, "iş ýerleriniň, wezipeleriň satylyp başlanmagy" bilen düşündirýär.

"Gysgaça aýdylanda iş ýerler satylýar. Ýokary okuw jaýlarynda dekan bolmak üçin ortaça 5 müň dollar para bermeli" diýip, Aşgabadyň ÝOJ-larynyň birinde mugallym bolup işleýän bir bilim işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bilim işgärleriniň sözlerine görä, köpler 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan soňra has giň göwrümli kadr çalşygynyň bolmagyna, ýokary döwlet wezipelerine täze ýolbaşçylaryň bellenmegine garaşýarlar.

Azatlygyň bu barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak boýunça ýurduň Bilim ministrligi bilen habarlaşyp, 25-nji fewralda ýerli wagt bilen ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi.

Korrupsiýanyň ýurduň tas ähli pudagynda giňden ýaýrandygy, raýatlaryň - tam süpüriji bolmakdan başlap tä ýokary wezipelere çenli - islendik işe ýerleşmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylar yzygiderli habar berip gelýärler. Türkmen häkimiýetleri bu baradaky maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler.

Bilim işgärleri adatça para berip, wezipe alan ýolbaşçylaryň işe ýerleşenden soňra beren puluny gazanmak üçin talyplardan dürli bahanalar bilen pul toplap başlaýandyklaryna hem ünsi çekýärler.

"Olar üçin esasy gazanç çeşmesi ýaşlaryň ÝOJ-lara giriş synaglary bolup durýar. Dekanlar her ýyl giriş synaglary döwründe çagalaryny ÝOJ-lara ýerleşdirmek isleýän ene-atalardan uly göwrümde pul alyp jübülerini galňatýarlar. Gysgaça aýdanyňda, olar rektorlygyň sag elleri bolýarlar" diýip, paýtagtly mugallym belledi.

Şeýle-de, ol studentleriň egin-eşiklerinden başlap, ulanjak galamlaryna çenli ähli okuw esbaplaryny ÝOJ-yň her fakultetiniň dekanlygyndan satyn almalydygyny hem belleýär.

"Bu bolsa, dekanyň ýa-da rektorlygyň öz jübülerini galňatmak üçin amal edýän biznesleriniň bir görnüşidir. Sebäbi olar, mysal üçin, bazarlarda 2 manatdan satylýan galamy, lomaý satyn alyp, studentlere 3 manatdan satýarlar. Ähli ýerde nädip has çuň bilim bermek barada däl-de, näme edeniňde studentleriň üsti bilen has köp pul gazanyp boljakdygy barada pikir edilýär" diýip, mugallym nygtady.

Azatlyk talyplardan okuw ýylynyň dowamynda ençeme gezek pul ýygnalýandygy, ene-atalaryň öz çagalaryny ÝOJ-lara ýerleşdirmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň prokuratura edaralaryna korrupsiýa garşy göreşmegi talabalaýyk ýerine ýetirmegi ýygy-ýygydan tabşyrýar. Ol şeýle tabşyryklaryň birini 12-nji ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde berdi.​

Ýöne ýerli synçylar korrupsiýanyň ýokardan başlaýandygyny aýdyp, prezidentiň bu çykyşlarynyň meseläni düýpli çözmäge däl-de, "halkyň gözüni boýamaga gönükdirilendigini" aýdýarlar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Russiýada we Belarusda okan ýaş ýuristler Türkmenistanda işe ýerleşip bilmeýär
Studentlerden ýurtdaky ýagdaýdan habar berýän surat-wideolary paýlaşmazlyk talap edilýär
Lebapda ogullary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalara basyş edilýär
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Diňle: ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär
Diňle: Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dalaşgärlerden “para almak möwsümi” başlandy