Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dalaşgärlerden “para almak möwsümi” başlandy

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dalaşgärlerden “para almak möwsümi” başlandy

Türkmenistanda ýokary we orta hünär mekdeplerine 2024-nji ýylyň sentýabrynda okuwa kabul ediljek dalaşgärlerden “para almak möwsümi” başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmeleri 20-nji martda Lebap welaýatyndan maglumat berdiler.

“ÝOJ-lara giriş synaglarynyň başlanmagyna entek dört aýdan gowrak wagt bolsa-da, okuwa kabul ediljekler häzirden belli diýen ýaly. Sebäbi sebitdäki we Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek ýaşlaryň aglabasynyň ene-atasy okuw parasyny häzirden geçirip başlady” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Bellesek, adatça Türkmenistanda raýatlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça resmi kampaniýa iýulyň ortalarynda başlanyp, awgustyň ahyryna çenli dowam edýär.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz şu ýyl ýurduň ÝOJ-larynyň käbirine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden soralýan paranyň möçberini anyklamagy hem başardylar.

“Öňdeligi geçen ýyllarda hem bolşy ýaly lukmançylyk we ýuridika fakultetleri eýeleýär. Bulara girjek dalaşgärleriň ene-atalary 25 müň amerikan dollaryny, ýagny 500 müň manady eýýäm geçirip goýdular. Geçen ýyl bu bölümlere okuwa girjeklerden soralýan paranyň möçberi 20 müň amerikan dollaryna, ýagny 400 müň manada deň bolupdy" diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Çagalaryny Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetine okuwa salmak isleýän ene-atalar hem 15 müň amerikan dollaryny, ýagny 300 müň manady berip, çagalarynyň ýerlerini häzirden belleýärler.

“Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebine girmek isleýänlerden soralýan paranyň möçberi 7 müň 500 amerikan dollaryna, ýagny 150 müň manada barabar. Köp ene-ata bu puly hem öňünden geçirip goýdy” diýip, çeşmämiz belledi.

Şol bir wagtda, çeşmelerimiz we habarçylarymyz ÝOJ-lar üçin soralýan paranyň möçberiniň welaýatlara görä üýtgeýändigini hem aýtdylar.

“Her bir ýokary okuw jaýyna welaýatlardan okuwa alynmaly ýaşlaryň sany baradaky kwota berilýär. Käbir welaýatda isleg bildirýänleriň köplügi zerarly, kim köp para berse, şonuň çagasy okuwa kabul edilýär. Käbir welaýatda bu san az bolup, parany alýan emeldarlar az möçberdäki para hem razy bolýarlar. Sebäbi olar her bir welaýatdan almaly talyp sanyny dolmaly bolýarlar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Ýagdaýlardan habarly lebaply ene-atalaryň ençemesiniň anonim şertde aýtmagyna görä, paranyň kime baryp ýetýändigini anyklamak tas mümkin däl. Sebäbi berilýän para, olaryň bilşine görä, azyndan üç adamdan geçýär.

“Her ortadaky araçynyň 50 müň manat alýandygy aýdylýar. Ene-atalaryň hut özleri parany Aşgabada alyp gidýärler” diýip, çagasyny şu ýyl ýokary okuw jaýyna ýerleşdirmegi meýilleşdirýän lebaply ene anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan bilim edaralaryndan we sebitiň Bilim bölüminden, şeýle-de ýurduň Bilim ministrliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda her ýyl ýurt boýunça 80 müňden gowrak okuwçy umumybilim berýän orta mekdeplerden uçurym bolýar we olardan 20 müňden gowragy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär. Şeýle-de, olara ýurduň umumy orta biliminden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlaryň giriş synaglarynyň we söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýändigi hem bellenilýär.

Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden para almak tejribesiniň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Köp ene-ata parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň Ýoj-laryna okuwa girmek bilen bagly para-berim barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

“Transparency International” guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga ýykgyn edýän ýaşlar köpelýär
Lebaply ene-atalar: ÝOJ-lardaky paranyň möçberi '$15 müňden başlanýar'
"Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"
Lebaply mugallymlardan edilýän talap lukmançylyk edaralarynda uly nobatlaryň döremegine getirdi
"2025-nji ýylа žeton gutardy." Daşoguzda biometriki pasport üçin nobata ýazmaýarlar
Aşgabat: Talyplar artýan talaplaryň özleriniň bilim almagyny barha agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar