Türkmenistanyň ýörite gulluklary awia ýolagçylar baradaky maglumatlary öňünden alarlar

Halkara Migrasiýa guramasynyň (HMG) wekilhanasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi 16-17-nji awgustda Türkmenistanda ýolagçylar hakyndaky deslapky maglumatlar ulgamyny (API) ornaşdyrmak boýunça seminar geçirdi.

API arkaly ýolagçynyň pasportundaky maglumatlar we reýs baradaky maglumatlar awiakompaniýa tarapyndan toplanyp, gürrüň edilýän uçar uçmanka ýa-da barjak ýerine barmanka, degişli ýurtlaryň serhedinde ýerleşýän milli organlara geçirilýär.

Bu maglumatlary aýdaly, Interpol ýaly hukuk goraýjy organlaryň gözegçilik sanawy bilen deňeşdirmek arkaly serhet organlaryň işgärleri daşary ýurtly söweşiji-terrorçylaryň ýa-da beýleki şübheli şahslaryň öz ýurtlaryna geljek bolup synanyşýandygyny ýa-da däldigini anyklaýarlar.

Bu çärä Türkmenistanda ýolagçylar baradaky maglumatlary işläp-taýýarlaýan agentlikleriň 15-siniň, şol sanda Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturanyň wekilleri gatnaşdy diýip ÝHHG-nyň Aşgabatdaky edarasy habar berýär.

Şeýle-de, ÝHHG-nyň mobil okuw topary 14-16-njy awgustda daşary ýurtly söweşiji-terrorçylary ýüze çykarmak boýunça Türkmenistanyň serhet we migrasiýa gulluklary üçin Aşgabatda interaktiw kurs gurnady.

— Häzirki pursatda yzyna dolanýan daşary ýurtly söweşiji-terrorçylaryň şahslaryny, bolýan ýerlerini, akymyny anyklamak halkara jemgyýetçiligi üçin ileri tutulýan meseleleriň biri bolup durýar diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Nataşa Raşiç belledi.

Ýene degişli makalalar

Söýgüliler gününiň giňden bellenilmeginiň arasynda baýramçylyga garşy wideolar ýaýradylýar
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Kerwenbaşynyň ogly oýny goýuldy
Gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylara gyzykly täze ýyl ertekisini sowgat etdi
“Netflix”-iň täze serialy “Anna Karenina”