Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergide görkezildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ministrlikler we pudak edaralary bilen

bilelikde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 29

ýyllyk baýramyna bagyşlanan Sanly ykdysadyýet

ykdysady ösüşiň möhüm ugry atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty

geçirildi.

Iki günläp dowam eden çäräniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniñ

ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriñ we edaralaryñ, jemgyýetçilik

guramalarynyñ, Türkmenistanda işleýän

diplomatik wekilhanalaryñ we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de köpsanly

daşary ýurt myhmanlary gatnaşdylar.

Häzirki wagtda Sanly ykdysadyýet

adalgasy ýörgünli boldy. Munuň sebäbini ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny,

hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly

öňegidişlikleri gazanmagy başardandygy bilen düşündirmek bolar. Hormatly

Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge

möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary

esasynda Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy

tassyklandy. Bu babatdaky Karar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe

milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete

sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek,

elektron senagaty ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk

tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala

getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly

ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Jemi VII bapdan ybarat bolan

bu Konsepsiýanyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek

gerek. Biz hem bu sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna şanly

Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlap

ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly serişdeleriň giňden

ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagy we

ýetilen belent sepgitler dogrusynda bu sergä gatnaşyjylara söz berýäris.

Kerim TÄÇMYRADOW,

Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtoulag serişdelerini

abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik

birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly

Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ösüşiň täze belentlikleri röwşen

ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halky bu günki gün eşretli zamananyň hözirini

görüp ýaşaýar. Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek babatda alnyp barylýan

maksatnamalaýyn işler, toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn ýagdaýlarda

amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her bir gün şatlykly wakalara toýdur dabaralara

beslenýär. Ine, şu gün hem paýtagtymyzyň gözel

künjeginde ýerleşýän Söwda we senagat edarasynda, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt

Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi uly üstünliklere,

dabaralar beslenip geçirilýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başda

durmagynda ýurdumyz ykdysady taýdan ýeten belent sepgitlerini görkezýän

diwarlyklar bilen ýurdumyzyň ähli pudaklaryndan ýörite tehnologiýa enjamlary

getirildi. Bu sergide ylym-bilim, söwda, ulag aragatnaşyk, sport, medeniýet

ýaly ähli ugurlar boýunça, soňky ýyllarda ýetilen belent sepgitleri görkezýän

ýörite nusgalar sergilenýär. Biz hem, Türkmenawtoulaglary

agentliginiň agzybir işgärleri bolup, bu

sergä özümiziň sergi diwarlarymyz bilen gatnaşýarys.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýäniň

ösen ýurtlaryndan döwrebap, ýokary hilli awtoulaglary getirilip, ulanmaga berildi. Biz hem awtoulaglaryň maketleri

barada wideorolikleri, ätiýaçlyk şaýlary we doly maglumat berýän

nusgalary getirdik. Bu awtoulaglar ýurdumyzyň Senagat we oba hojalyk pudagynda

özüniň awtoulag hyzmatynyň ýokary hillerini görkezip gelýärler. Şeýle hem, biz Türkmenawtoulaglary agentligi bolup, sergä ýurdumyzda hereket

edýän gümrük geçelgeleriniň kartlaryny, sport bilen baglanşykly awtosport

boýunça dünýä ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan awtoulaglarymyzyň

nusgalaryny getirdik.

Biz hem, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň Awtomabil ulag ulgamyny dünýä derejesine çykarmak

barada döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Goý

hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun!

Myrat GURBANOW,

Türkmenistanyň binagärlik we gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni:

Türkmenistan döwletimizde her bir gün toýdur

baýramlara beslenýär. Şu gün hem ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda

ýurdumyzda uly sergi öz işine başlady. Biz hem, Türkmenistanyň gurluşyk we

binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag

institutynyň agzybir işgärleri bolup, bu sergide özümiziň ýörite gurluşyk

enjamlarymyzy we dürli serişdelerimizi getirip, halk köpçüligine şu sergiň üsti

bilen görkezýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen häzirki wagtda

ýurdumyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda gurluşyk pudagy uly üstünliklere

beslenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde dürli döwrebap binalar gurulýar. Gurulýan

binalarda biziň milli binagärçiligimiziň keşbiniň bolmagy bizi has-da

buýsandyrýar. Ýurdumyzda gurlan binalaryň birnäçesi Ginnesiň Rekordlar Kitabynda

öz mynasyp ornuny tapdy. Biziň institutymyzyň taýýarlaýan hünärmenleri

ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çekýärler.

Bu sergide görkezilen diwarlyklar ýurdumyzyň

ähli ulgamlarda gazanan beýik üstünliklerine şaýatlyk edýär. Biz hem pursatdan

peýdalanyp, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirýäris. Goý, hormatly

Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç

bolsun!

Maral GOLLIÝEWA,

Türkmengaz döwlet konserniniň Türkmengazawtomatika müdürliginiň “Ýerastymetalgoraýyş we hil” gullugynyň 1-nji derejeli inženeri:

Hormatly Prezidentimiziň parasatly

baştutanlygynda nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar

pudagyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen

bir hatarda, halkara energetiki

giňişliginde öňdebaryjylaryň biri hökmünde

Türkmenistanyň derejesini tassyklaýar. Ýurdumyzda tebigy gazy we mineral çig

mal serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini we

olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlarynda dürli ugurlar

boýunça ýerlemek önümçiligi döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak we

innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetiň düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna goşant goşmak, bäsdeşlige ukyply we ekologiýa

taýdan arassa taýýar önümleri uly möçberde öndürmek, daşky gurşawy gorap

saklamak boýunça alnyp barylýan möhüm taslamalar yzygiderli we üstünlikli

durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary

netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda halkara ülňülerine laýyk gelýän

önümler öndürilýär. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary önümçilige

ornaşdyrylýar, pudaga daşary ýurt maýa goýumlary oýlanyşykly çekilýär we olar

netijeli özleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan

parasatly ykdysady syýasaty, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny hem-de

ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, sebitde we dünýä energetika

howpsuzlygyny we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan

döwletimiz energiýa serişdeleriniň adaty çeşmelerine baý döwletleriň biri

hökmünde dünýäniň esasy energiýa öndüriji ýurtlarynyň hataryna ymykly girmegini

üpjün etjek örän ähmiýetli we geljekki döwürlere niýetlenen ägirt uly işler

amala aşyrylýar. Türkmengaz döwlet konserni we Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries, LTD” hem-de Türkiýäniň “Rönesans Endüstri tesisleri Inşaat A.Ş.” kompaniýalar konsorsiumy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Daniýa

Patyşalygynyň “Haldor

Topsoe” tehnologiýasy

esasynda taslamalaşdyrylan, dünýäde ilkinji gazdan ekologiýa taýdan arassa

benzin öndürýän zawody gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem, Ahaldaky gazdan

benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ösen senagat döwletine

öwrülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly bolup, ýurdumyzyň tebigy

mümkinçiliklerini türkmen halkymyzyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp

barylýan ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şeýle möhüm

çäreleriň geçirilmegi, daşary ýurtly myhmanlar bilen özara bähbitli

hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga iň gowy dünýä tejribesini we täze

tehnologiýalary çekmek, ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyny we

gazananlaryny görkezmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary

berkitmäge, şeýle hem olaryň dünýä bazarlarynyň häzirki ösüşi bilen tanyşmak

üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Yzygiderli geçirilýän şeýle pudaklaýyn sergilerdir,

maslahatlar bolsa, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegine hem-de innowasion

tarapdan işläp taýýarlamalary

önümçilige ornaşdyrmaklaryna giň

mümkinçilikleri açýar.

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Balkanda bolan ýer titreme ýerli ilaty gorkuzdy
29.12.2020 | Binagärlik we gurluşyk sanly ykdysadyýete geçiş döwründe
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Seýsmiki ýagdaýa dunukly gurluşyk YBI täze binasyna göçer
Resmi habar