Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryna Rapidiň hüjümçisi gatnaşdy

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryna Rapidiň hüjümçisi gatnaşdy

Buharestiň Rapid futbol toparynyň wekili Adrian Ilýas Alekseý Ebersbah ýetginjekler ýygyndylarynda çykyş etmekde Türkmenistanyň ýygyndysyny saýlap aldy. Ýakynda ol Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň hatarynda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda dört duşuşyk geçirtdi. Bu barada rumyn toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň şu aýda Iordaniýada bolup geçendigini ýatladýarys. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Filippinleri 2:0 hasabynda utanyndan soň Siriýa bilen 1:1, Iordaniýa bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady. Türkmen futbolçylary ýaryşda diňe Ýaponiýadan (0:7) asgyn geldiler. 16 ýaşly hüjümçi Ebersbah türkmen ýygyndysynyň ähli duşuşyklaryna gatnaşdy.

Ebersbah Kiprde doguldy. Ol futbol ýoluna Müsürde başlap, Kairiň uly bolmadyk toparynda futbol oýnady. Soňra ol Abu-Dabide we Fransiýada Pari sen-Žermeniň akademiýasynda türgenleşdi.

Ebersbah heniz 13 ýaşynda wagty Türkmenistana gelip, Altyn täç toparyna goşulypdy.

14 ýaşynda Rumyniýa giden futbolçy häzir Rapidiň ýetginjekler toparynyň wekilidir. Bu ýerde oňa Oktawiana Çihaýa tälim berýär.

Ebersbah rumyn toparynda merkezi hüjümde oýnaýar. Rapidiň Stýaua we Dinamo ýaly Rumyniýanyň iň meşhur toparlarynyň biridigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
Milanyň ikinji çempionlygy
Meşhur futbolçy azerbaýjan klubuna tälim berer