11-nji aprelde Türkmenistan howa ýollarynyň ýene bir ýörite uçuşy Türkmenistandan Minskä we yzyna amala aşyryldy.Bu barada habar berýän Belarusyň "Hajun" proýektine görä, Minskden Türkmenabat şäherine ýakynda çarter uçuşyny amala aşyran öňki uçaryň yzyna gonmagyna galp bomba howpy sebäp bolupdyr. Ýatlatsak, 8-nji aprelde Minskden Türkmenabat şäherine çarter uçuşyny amala aşyran “Türkmen howa ýollarynyň” uçary, uçanyndan bir sagat geçmänkä, yzyna gaýdyp, Minskiň aeroportuna gyssagly gonmaga mejbur bolupdy.
Uçar şonda dört sagat soň 9-njy aprelde Türkmenbaşyda eden aralyk duralgasy bilen Türkmenabat şäherine barypdy.
Türkmenistandan Belarusa ýene bir uçaryň baryp gaýdandygyny Belarusyň "Hajun" proýekti 11-nji aprelde günortan habar berdi.
"Şu gün sagat 11: 20-de Türkmenistan howa ýollarynyň Boeing 737-82K (hasaba alyş belgisi EZ-A017) Türkmenabat howa menzilinden (Türkmenistan) Minsk şäherine ugrady. Yzyna gaýdyş reýs agşam sagat 19: 00-a planlaşdyrylýar diýlip, Twitterde ýerleşdirilen maglumatda aýdylýar.
Şeýle-de, bu maglumatda Minskden Türkmenabat şäherine guralan öňki uçaryň gyssagly gonmagynyň sebäbiniň partlama barada galp duýduryş bilen bagly bolandygyny habar berdi.
"Bu uçar ozal 8-nji aprelde Minskä geldi. Uçuşyň Türkmenistanyň hökümetiniň buýrugy bilen guralandygy habar berildi. Şol gün Minsk milli howa menzilinden uçandan soň uçar galp bomba howpy sebäpli yzyna gaýdyp geldi" diýip, Hajun proýekti Twitterde aýtdy.
Minskden uçan ýene bir uçaryň gyssagly gonmagy bilen bagly ýagdaý 11-nji aprelde ýüze çykdy. Özbegistan howa ýollarynyň Airbus A320 kysymly uçarynyň HY-710 Minsk-Daşkent reýsi "bombanyň goýlandygy" barada näbelli biriniň eden habaryndan soň Russiýanyň Domodedowo howa menziline gondy.
Azatlyk Radiosyna “Türkmen Howaýollarynyň” 8-nji aprelde Minskden Türkmenabat şäherine uçup, yzyna gaýtmagyna degişli ýagdaý barada mälim bolşy ýaly, “Flightradar” gullugynyň habaryna görä, T5784 reýsi ýerli wagt bilen Minsk howa menzilinden uçupdy.
Uçarda 150 töweregi ýolagçy bardy.Emma, takmynan 7300 metr belentlikde uçar peselip başlady we tersine ugrady. 20:33-de Boeing 737-82K Belarusyň paýtagtyndaky howa menziline gyssagly gondy, ýagny uçar howada 55 minutlap boldy.
Gyssagly gonmagyň sebäbi resmi taýdan düşündirilmedi. T5784 reýsinde bolan birnäçe ýolagçy ekipaž agzalarynyň birine salgylanyp, uçaryň ganatlarynyň birinde dörän näsazlygyň onuň gyssagly gonmagyna sebäp bolandygyny Azatlyga habar beripdi. Olaryň sözlerine görä, ekipaž agzalarynyň biri "ganatyň ýarylandygyny" aýdypdyr. Ýöne näsazlygyň haýsy ganatda tapylandygyny anyklamak mümkin däldi.
Soňra metbugat çeşmeleri uçaryň gyssagly gonmagynyň sebäbiniň galp bomba howpy bilen baglydygyny habar berdiler. Garaşsyz neşir “Turkmen.news” Belarusyň awiasiýa pudagyndaky bir çeşmesine salgylanyp, dispetçeriň uçarda bombanyň bolmagy barada uçar komandirine mälim edendigini, şeýle anonim habaryň Minsk howa menzilinde gowşandygyny habar berdi.
Dört sagatlap Belarusyň ýörite hyzmatlary ýolagçylary, goşlary we tutuş uçary barlapdyr. Şübheli zat tapman, ekipaža gitmäge rugsat berilipdir. Uçar 9-njy aprelde Türkmenbaşa sag-aman gondy diýlip, “Turkmen.news”-yň habarynda aýdylýar.
Şol uçar Türkmenbaşydan soň 9-njy aprelde Türkmenabada bardy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşyna yzygiderli howa gatnawlary bolmazdan, daşary ýurtlarda galýan müňlerçe türkmen raýaty hökümetiň guraýan seýrek çarter uçuşlaryna doly garaşly bolýar. Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawlary bes etdi. Türkmen hökümeti tarapyndan raýatlaryny daşary ýurtlardan alyp gaýtmak üçin guraýan eksport uçuşlarynyň sany howa gatnawyna bolan islegi kanagatlandyrmaýar.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.