Duşenbe güni, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň ýyllyk Ýaşulular maslatynyň mejlisi geçiridli.
Mejlis äpet uly ak öý görünşinde gurlan we geňeş başlanmazyndan bir gün öň dabaraly ýagdaýda açylan täze konsert zalynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” geçdi.
Bu ak öý Aşgabatdan 20 km aralykda, açyk meýdanda ýerleşýär. Prezident Berdimuhamedow onuň açylyşyna dikuçarly geldi we şunuň bilen baglylykda 7-nji oktýabrdan 8-nji oktýabra geçilýän gije paýtagtyň ýaşaýyş kwartallaryna polisiýa patrullary aýlanyp, jaýlaryň töwereginde goýlan maşynlaryň awtoduralgalara äkidilmegini talap etdi.
Döwlet baştutany mejlisde çykyş edip, döwletiň bitaraplyk durumyna ygrarlydygyny aýratyn nygtady we Türkmenistan BMG, ÝB, GDA, ŞHG, ÝHHG, Goşulmazlyk hereketi we Yslam hyzmatdaşlygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekçidigini we özdürmekçidigini belledi.
Prezident öz çykyşyynyň dowamybda KHŞG-ny (Koillektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy) we ÝYB-ny (Ýewraziýa ykdysady bileleşigi) agzamady.
Prezident Berdimuhamedow ýene bir gezek ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we importyň öwezini doldurmak babatda edilýän işleri we gazanylan “gowy netijeleri” ýatlatdy. “Import edlýän harytlaryň möçberi azaldy, eksport edilýän önümler bolsa köpeldi” diýip, döwlet baştutany aýtdy, emma sözüni delillendirmek üçin hiç bir anyk san getirmedi.
Importyň öwezini doldurmak progarmamsynyň çäginde ýurtda elektromobilleri ýygnamak üçin bilelikdäki zawod gurlar.
Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüm ösüşiniň ortaça möçberi boýunça Türkmenistan ýokary dejejede girdeji alýan ýurtlaryň hataryna goşuldy diýip, prezident aýtdy. Emma ýene san getirmedi.
Prezidentiň ynanjyna görä, Olimpiýa stadionynda at kellsiniň şekilinde gurlan heýkel, şeýle-de sportuň suw görnüşleriniň merkezi, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmek bilen, “biziň burdumyzda sport desgalarynyň gurluşygyna örän çynlakaý we jogopkäçililki çemeleşeilýändigine şaýatlykk edýär”.
Mejlisiň dowamynda maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň 2018-2014-nji ýyllar üçin sosial-ykdysady ösüş programmasynyň kabul ediljekdigi yglan edildi.
Gelýän 7 ýylyň dowamynda jemi içerki önüm ösüşi 6,2—8,2% derejesinde saklanar. Mundan öňki ýyllarda, resmi maglumatlara görä, jemi içerki önüm ösüşi 10—14% derejesinde saklandy.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ilata elektrik toguny, tebigy gazy, suwy we duzy 2030-njy ýyla çenli mugt bermek baradaky kararyna garamazdan, döwlet baştutany gazyň, toguň, suwuň we duzuň tölegli edilýändigini aýtdy.
Prezidentiň sözlerine görä, jemagat hyzmatlay üçin ýeňillikler “döwlet gaznasy boş wagtynda” girizildi. “Aýlyk haklaryny tölemek, zerur dermanlary satyn almak, harby we hukuk goraýjy organlary sakalmak üçin serişde ýokdy” diýip, prezident aýtdy.
Bu günki günde, döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň ilaty kommunal hyzmatlaryň töleglerini töläp biler ýaly, ýeterlik derejede işe ýerleşdirildi we üpjün edildi.
“Meniň pikirimçe, biziň hormatly ýaşulularymyzyň indi birnäçe ýyl bäri yzygiderli berýän maslahatlaryndan ugur alyp, tebigy serişdeleriň ulanylmagy üçin töleg girizsek we bar bolan ýeňillikleri ýatyrsak, dogry bolar” diýip, prezident sözüni jemledi.
Ýaşulular prezident Berdimuhamedowa ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen derejäni bermekligi teklip etdiler. Ol ilkinji gahrymanlyk derejesini 2011-nji ýylda aldy.
Prezident Ýaşulular maslahatynyň gaýtadan öňküsi ýaly ýuridiki durumly we giňeldilen ygtyýarlykly Halk maslahatyna öwrüljekdigini yglan etdi, döwlet baştutany birinji gezek S.Nyýazow döwründe parlamentden hem ýokarda goýlan Halk maslahatyny ýatyryp, ony diňe geňeş berip bilýän Ýaşulular maslahaty görnüşinde saklamagy karar edipdi.
Bu üýtgeşmeler esasynda Türkmenistanyň mejlisiniň (parlamant) ýygnagynda Konstitusiýa girizilýän nobatdaky üýtgetme hem-de Halk masalahatyna degişli goşmaçalary girizmek baradaky kanun proýektine seredildi. 2008-nji ýylda Konstitusiýa üýtgedilip, Halk maslahaty ýatyrylypdy we onuň wekilçilikli ygtyýalygy aýrylypdy.
Medeniýet işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň senesini üýtgetmegi we bir aý öňe süýşärmegi ozal 27-nji oktýabrda bellenen bolsa, indiden eýläk “sentýabryň aýagyna” geçirmegi teklip etdiler.Baýramçylygyň anyk senesi we wagtynyň üýtgedilmeginiň sebäbi aýdylmaýar.
Sentýabryň aýagyndaky ähmiýetli wakalardan ýada düşýäni diňe 5-nji Aziýa oýunlarynyň ýapylan güni, bu waka 2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda boldy.