Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Özbegistanyň Nawbahor klubunda tejribelik geçýär

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Özbegistanyň Nawbahor klubunda tejribelik geçýär

Futbol boýuça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-23) baş tälimçisi Ahmet Agamyradow 9 — 15-nji fewral aralygynda Özbegistanyň Nawbahor klubunda tejribelik geçýär. Bu barada Championat.Asia saýty habar berdi.

Bu tejribelik tälimçilik boýunça PRO ygtyýarnamasyny almak üçin geçirilýän okuwlaryň bir bölegi bolup, A.Agamyradow onuň dowamynda Nawbahor klubunda ýaş oýunçylaryň taýýarlanylyşy, toparda dürli ýaşdaky toparlara tälim berlişi bilen tanyşar hem-de klubuň tälimçiler ştaby bilen tejribe alşar.

Ýeri gelende bellesek, Nawbahor 2023-nji ýylyň güýzünde Aziýanyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Özbek topary 1/16 finalynda Saud Arabystanynyň Al-Ittihad topary bilen güýç synanyşar.

Ahmet Agamyradow 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna tälim berýär. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy onuň türgenleşdirmeginde 2022-nji ýylda taryhda ilkinji gezek Aziýanyň çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Çapyksuwar B.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy
Türkmen wekiliýeti YHG-niň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar
Germaniýada iş orunlarynyň sany rekord derejä ýetdi