Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalaryny jogapsyz 7 pökgi bilen ýeňdi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalaryny jogapsyz 7 pökgi bilen ýeňdi

Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygyny Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy topary bilen geçirildi.

Amman şäheriniň Petra stadionynda geçirilen duşuşyk 7:0 hasabynda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Daýanç Meredow (17, 19), Süleýman Mirzoýew (31, 90), Arslan Saparow (45+1) hem-de Söhbet Durdyýew (77, 82) geçirdi.

Ýaşlar ýygyndymyzyň nobatdaky garşydaşy Iordaniýanyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk 12-nji sentýabrda Amman şäheriniň Petr stadionynda geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder.

Geçirilen bije çekişlikde D toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10 — 18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuuşykdan ozal türgenleşik geçdi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuşykdan ozal türgenleşik geçdi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny Iordaniýanyň ýygyndysy bilen geçirer
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy
Demirgazyk Mariana adalarynyň suw giňişliginde ýer titreme boldy