Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuuşykdan ozal türgenleşik geçdi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuuşykdan ozal türgenleşik geçdi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) şu gün agşamara Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň öňüsyrasy türgenleşik işlerini geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndysymyzyň saýlama tapgyryndaky ilkinji garşydaşy Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk 10-njy sentýabrda Amman şäheriniň “Petra” stadionynda geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Said Seýidowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleşik işleriniň oňyn howa şertlerinde geçendigini bellemek gerek. Türgenleşik ýygnanyşygy ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň hemmesiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalary bilen boljak duşuşykdan ozal türgenleşik geçdi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny Iordaniýanyň ýygyndysy bilen geçirer
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalaryny jogapsyz 7 pökgi bilen ýeňdi
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy BAE okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdi