Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

Şu gün Aşgabatdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.

Nobatdaky gurultaýyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi.Türkmenistan gazetiniň habar berşi ýaly, hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.

VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Arakesmeden soň, gurultaýyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi
Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
11.09.2019 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy
Ýaşlar — berkarar Watanymyzyň geljegi
04.10.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden we Konstitusion toparyň birinji mejlisinden