30-njy iýulda rusça çykýan “Neýtralnyý Türkmenistan” gazýeti Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ykdysadyýet we maliýe döwlet akademiýalary gullugynyň dosent-alymy Akjemal Burunowanyň makalasyny çap etdi.
Burunowa öz makalasynda pul serişdelerini gymmat bahaly kagyzlara ýatyrmagyň ähmiýeti barada gürrüň berip, raýatlary bu mümkinçiligi öz pullaryny gymmat baha kagyzlary satyn almak üçin ulanmaga çagyrýar.
Emma,Burunowa bular ýaly maliýe ýatyrymynyň mümkin bolan töwekgellikleri barada dymsada, “Halkara praktika laýyklykda, gymmat bahaly kagyzlar pul serişdelerini ýatyrmak üçin iň uly talap bolan usul hasaplanýar. Ol raýatlary maliýe bazaryndaky köp oýlanşyksyz hereketlerden we kezzapçylyk töwekgelçiliklerinden gorap, ilatyň maliýe bilimini ösdürmäge köpçülikelýin düşündiriş işlerinde kömek edýär” diýýär.
Müşterileriň maliýe işlerinde araçy hökmünde täjirçilik banklary durýarlar.
Mundan başga-da, makalanyň awtorynyň pikiriçe, birža gaznasynyň işleri bilen milli manadyň hümmetini ösdürip bolar.
“Jemgyýetde süýşürintgiler işleriniň oýlanşykly gurnalmagy ýurdyň töleg ulgamynyň maliýe taýdan sagdynlaşmagyny we milli manatda alyjylyk ukybynyň durnuklylygyny üpjün eder” diýip Burunowa ynanýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet kärhanalarynyň işjeň hususylaşdyrylýandygyna we olaryň hususy jemgyýetlere geçirilýändigine garamazdan, Aşgabatdaky Gazna biržasynyň işleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.
Biržanyň resmi internet sahypasy diňe girip görmek üçin bolaýmasa, ol ýerde kotirowkalar barada we beýleki peýdaly maglumatlar ýok.
Gazýetiň şu sanynda “Senagat” täjirçilik bankynyň gymmat bahaly kagyzlary hakynda yglan çap edildi.
Hökümetiň tarapdary bolan “Orient” habar neşiri bu bankyň gymmat bahaly kagyzlarynyň ortaça ýyllyk girdeýjisiniň “20 göterime” deňdigini ýazýar.
Häzir onuň biriniň bahasy 20 manada deň we olary dellallardan satyn almak mümkin.The post Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny süýşüren pullaryny gymmat bahaly kagyzlara ýatyrmaga çagyrýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.