Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär

Türkmenistanyň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň Änew şäherinde täze gurulýan bir gatly kottej jaýlarynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmaga çagyrylýar.

Täze ýaşaýyş toplumy örän oňaýly ýerde — Aşgabat şäherinden 15 minutlyk uzaklykda ýerleşýär.

Ýaşaýyş jaýynyň biri — umumy meýdany 205 inedördül metr bolan 1 gatly 5 otagly jaýdyr. Kottejiň çägine şeýle hem 0,08 ga ýer, awtoulag goýulýan ýer hem-de jaýyň howlusyndaky goşmaça hammam girýär.

Ýaşaýyş toplumyna bulardan başga-da ýerzemini we ýaşaýyş meýdançasy bolan hem-de mansardany özünde jemleýän VIP-bölek degişlidir.

Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, bu ýerden jaý satyn almagyň peýdaly tarapy onuň dünýäniň meşhur brendleriniň ýokary hilli hojalyk tehnikalary, elektronika we santehnika enjamlary bilen üpjün edilendigidir.

Aşhana: Venetа Cucine (Italiýa) Hojalyk tehnikalary: Bosch (Germaniýa) Santehnika: Geberit (Şweýsariýa) Suw akdyryjy enjamlar: Hansgrohe (Germaniýa) Wanna: Ravak (Çehiýa) Süpürgiç guradyjy ulgamlar: Zehnder (Germaniýa) Plitka: Varmora (Italiýa) Elektrofurnitura: Legrand (Fransiýa) Gaz ýyladyjylary: Daikin Daylux (Türkiýe) Ýyladyş peç ulgamlary: Imas (Italiýa) Bra çyralary: Jiso (Ispaniýa)

Gurulýan ýaşaýyş jaý toplumyndan jaý satyn almak isleýän paýly gurluşyk taslamasyna gatnaşyjylar jaýyň tölegini 5 taraplaýyn şertnama baglaşylan gününden başlap bäş aýyň dowamynda töleýärler.

Gurluşyk işleri we degişli taslama gatnaşmak barada giňişleýin maglumatlary almak üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşmak maslahat berilýär: (+993 63) 20 22 22 .

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda italýan baş-aşpezlerinden ussatlygy sapagy geçirildi
Ak Gaýa dükanynyň harytlary döwrebap wanna otagyny döretmäge ýardam eder
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Gyşyň buşlukçysy dekabr aýy
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy