Türkmenistanyň ýaşaýjylary Çapar ykjam programmasy arkaly ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlap we töläp bilerler

Türkmenistanyň ýaşaýjylary Çapar ykjam programmasy arkaly ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlap we töläp bilerler

Ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlamak we ony tiz tölemek üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar ykjam programmasyny ulanmak ýeterlikdir.

Programmanyň esasy sahypasynda PÝGG jerimeler bölümini saýlamaly we açylýan menýudaky Jerimeler düwmesine basmaly. Ondan soň awtoulagyň belgisinde ýazylyşy ýaly ähli harplary we sanlary görkezip, awtoulagyň hususy hasaba alyş belgisini girizmeli.

Alnan jerimäni menýudan saýlap, ony derrew bank karty ýa-da ykjam telefonyň hasaby arkaly tölemek mümkindir.

Ýatlatsak, Çapar ykjam programmasynda beýleki peýdaly hyzmatlary hem peýdalanmak mümkindir, mysal üçin, çapary çagyrmak, jemagat hyzmatlarynyň töleglerini tölemek, ykjam telefonyň balansyny doldurmak we ş.m.

Çapar ykjam programmasyny App Store-dan we Google Play-den ýükläp alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”
Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi
“Şwesiýa Bilen Finlýandiýanyň NATO Agzalygynyň Jerimesi Agyr Bolar”
Türkmenistanda 'bidüzgünçiligi ýüze çykarmak' çäreleri bat alýar
“Putin we Ýurdy Söweşiň Jerimesini Çeker