TÝAM-yň döredilmeginiň bir ýyllygyna bagyşlanyp, Ylymlar akademiýasynda geçirilen mejlise Merkeziň we onuň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de pudaklaýyn YBI-leriniň ýanynda hereket edýän bölümleriniň alymlary, ýolbaşçylarydyr agzalary, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, TÝAM-nyň ýanyndaky ylym mekdebi hakynda düzgünnama we TÝAM-yň 2018-nji ýylda göz öňünde tutulýan çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem “Ýaş alym, ylym we tehnika” atly ylmy-populýar žurnal döretmek barada tekliplere garaldy.
TÝAM-yň başlygy Azat Ataýewiň belleýşi ýaly, ýaşlar ylmy bileleşiginiň howandarlygynda ýokary okuw mekdeplerinde, YBI-lerde, ýörüte orta okuw mekdeplerinde Ýaş alymalr geňeşlriniň 50-den gowragy döredildi.
Merkeziň işeňňir agzalary ýaş türkmen alymlarynyň möhüm işleriniň maglumatlar bazasyny döretdiler. Şeýle hem ylmy laboratoriýalaryň ýazgysy taýýarlanyldy. Ylmy taýdan işläp taýýarlamarlyň birnäçesi önümçilige ornaşdyryldy.
TÝAM-da işewürlik pikirleriň kemala gelmeginden döreýän täzelikler TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde gurnalan bäsleşikde görkezildi. Ýaş alymlaryň iň gowy işleri bilen tanyşmaga telekeçiler, dürli döwlet edaralarynyň wekilleri çagyryldy. Bäsleşikde köpçülikleýin hem-de özbaşdak taslamalardyr işläp taýýarlamalaryň jemi 78-si görkezilip, Ylymlar akademiýasynyň we Ýaş alymlar geňeşleriniň gurluş bölümleriniň ýolbaşçylary olaryň ylmy taýdan ähmiýetliligne baha berdiler.
Şu güne çenli Merkezde önümçilige ornaşdyrmaga taýýar wajyp teklipleriň ençemsi hasaba alyndy. Olaryň arasynda ilkinji türkmen netbugynyň integral shemasynyň topologiýasyny işläp taýýarlamak hem bar, oňa ýerli “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri gyzyklanma bildirdiler, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi onuň paýdarydyr. “Aýdyň gijeler” HJ-nyň goldamagynda ýaş alymalryň ylmy makalalarynyň birinji ýygyndysy neşir edildi.
Ýa-da başga bir mysal—awtomatlaşdyrylan ýyladyşhananyň işlenilip taýýarlanylmagy, onuň paýtagtymyzyň Botanika bagyndaky synaglary şowly geçdi. Türkmenistanyň Senagat ministrligi “mikroelektron shemalary sowatmagyň passiw ulgamyna” gyzyklanma bildirdi. Bu ylmy iş 2017-2021-nji ýyllara Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň netijeliligni ýokarlandyrmagyň Döwlet maksatnamasynyň ýörüte sanawyna girizildi.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda innowasiýalar babatda liderlerdir.
Ýaş alymlar merkeziniň işini ýaýmak üçin “Aşgabat” telekanaly bilen bilelikde “Zehinleriň gözleginde” atly ylmy-populýar gepleşik döredildi. Oňa tomaşa edýänler diňe bir ýaş alymalryň işleri bilen yzygiderli tanyşman, eýsem sms-ses bermek arkaly has geljegi uly ylmy teklipleri we ideýalary goldap hem bilerler.
2018-nji ýyla TÝAM-yň işi meýilleşdirilende ýaş alymaryň ylmy işleriniň netijelerinden haýyr görmeklige, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde olaryň mümikinçiliginden peýdalanmaga esasy üns çekildi.