Türkmenistanyň ÝAÖB we AÖB bilen gatnaşyklary DIM-de geçirilen duşuşygyň gün tertibinde

23-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen duşuşuk geçirdi.Taraplar gepleşikleriň dowamynda energetika, ulag we beýleki ulgamlarda durmuşa geçirilýän taslamalar barada pikir alyşdylar. ÝAÖB-nyň 2019-2024-nji ýyllarda Türkmenistan boýunça Ýurt strategiýasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi.

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak özara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şol günüň özünde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutlýan ugurlary, şol sanda geljegi uly taslamalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, bank, energetika we ulag ulgamlarynda, şeýle hem telekeçiligi goldamak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.Duşuşykda COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümligine üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady
Möhüm taslamalara bagyşlanan metbugat ýygnagy
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ
Reşit Rahmeti Arat
Hatije Akbaş Finalda…
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi