
Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 9 ― 17-nji maýy aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçiriljek CAVA Voleyball Nations League Aziýa oýunlaryna gatnaşar. Yklym ýaryşyna ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin türkmen ýygyndysy şu günler Özbegistanyň Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.
Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Täçnazarowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň düzmüinde türgenleriň 14-si bar.
Türkmen woleýbolçylary bu ýerde umumy fiziki taýýarlyklaryny hem-de tehnikalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen türgenleşik işlerini geçerler.
Taýýarlyk işleri 8-nji maýa çenli dowam eder. Şondan soň türkmen ýygyndysy Yslamabat şäherine tarap ýola düşer. Şol ýerde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bilen birlikde Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Şri-Lankanyň, Owganystanyň hem-de beýleki gatnaşyjy tarap bolan Pakistanyň ýygyndylary hem ýeňiş ugrunda göreş alyp bararlar. Duşuşyklar bir aýlawdan ybarat bolar.