Türkmenistanyň wise-çempiony düzümine tejribeli oýunçylary geçirdi

Ahal welaýatynyň Ahal topary futbol çempionatymyzyň nobatdaky möwsüminiň öňýany tejribeli oýunçylary düzümine geçirdi.

Futbol çempionatymyzyň täze möwsüminiň öňüsyrasy Ahalyň düzümine geçen möwsümi Özbegistanyň Kyzylkum toparynyň düzüminde geçiren Abdy Bäşimow, Bunýodkorda çykyş eden Selim Nurmyradow hem-de Maşalda oýnan Didar Durdyýew goşuldylar.

Mundan başga-da, geçen möwsüm Malaýziýanyň PDRM toparynda çykyş eden milli ýygyndymyzyň oýunçylary Serdar Geldiýew bilen Şöhrat Söýünow hem hünär ýollaryny Ahalda dowam ederler.

Geçen möwsüm Abdyş-Ata topary bilen Gyrgyz Respublikasynyň futbol birinjiliginde dördünji orny eýelän Ata Geldiýew hem Ahalyň düzümine goşuldy. Şeýle-de, Ahal welaýatynyň topary Köpetdagyň derwezeçisi Rasul Çaryýewdir, bu toparyň oýunçylary Meýlis Diniýew hem-de Ybraýym Mämmedow bilen hem şertnama baglaşdy.

Köpetdag topary bilen futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy-2020-de çempionlyk derejesini gazanan Daýanç Garajaýew, Arzuwguly Sapargulyýew, Berdimyrat Sapardurdyýew (derwezeçi) hem Ahalyň düzümine goşuldylar.

Mundan başga-da, Ahal topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde 55 utuk toplan Ahal ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär