
Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Welotrek boýunça nobatdaky dünýä çempionatyna Nargeldi Igdirowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanýar. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.
Neşirde-de ýazylyşy ýaly, milli ýygyndymyzyň wekilleri her gün irden Köpetdagyň eteginde şosse boýunça 60 — 80 kilometrlik menzili geçip, öýlän bolsa Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar.
Türkmenistan şu ýyl taryhynda ilkinji gezek welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Çempionat 13 ― 17-nji oktýabr aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda geçiriler.
Ýakynda bu ýaryşyň resmi nyşanynyň we milli ýygyndymyzyň ulanjak welosipedleriniň, geýjek sport lybaslarynyň nusgalarynyň tassyklanandygyny habar beripdik.