Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Hytaý Demirgazyk-Gündogar Aziýa 12-nji EKSPO çärelerine we forumyň meýdançasynda guralan Ahal-teke bedewleri we Ýüpek ýoly sergisine, türkmen-hytaý dostlugyna bagyşlanan sergä we iki ýurduň atçylyk medeniýetiniň Festiwalyna gatnaşdy.
Sebit EKSPO-syny HHR-yň täjirçilik ministrligi, Ösüş we özgertmeler baradaky Döwlet komiteti, Daşary söwda ýardam etmek baradaky Geňeş we Szilin welaýatynyň hökümeti guradylar. 22-nji awgustda Çançun şäherinde Türkmenistanyň wekilýeti daşary ýurtly myhmanlar üçin guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdylar, oňa Szilin welaýatynyň gubernatory we Hytaýyň käbir sebitleriniň baştutanlary gatnaşdylar.
Duşuşykda Szilin welaýatynyň gubernatory Szin Szunhaý ýygnananlara gutlag sözi bilen çykyş etdi.Bellenilişi ýaly, EKSPO Demirgazyk-Gündogar Aziýada özara düşünişmegi we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde wajyp binýatdyr, Bir guşak bir ýol başlangyjyny durmuşa geçirmekde hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary bilen Szilin welaýatynyň gubernatorynyň arasynda bolan söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hytaý tarapy medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, wekilýetleri alyşmaga, ýurtlaryň ikisinde hem döredijilik forumlaryna we sergilere gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.Ertesi, 23-nji awgustda Türkmenistanyň wekilýeti Hytaý Demirgazyk-Gündogar Aziýa 12-nji EKSPO-nyň we Demirgazyk-Gündogar Aziýada söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Forumyň dabaraly açylyşyna gatnaşdy.
Dabara HHR-yň Döwlet Geňşeiniň wise-premýeri Hu Çunhua, HHR-yň täjirçilik wise-ministri Wan Şouwen, Ösüş we özgertmeler baradaky Döwlet komitetiniň direktorynyň orunbasary Lo Wen, Daşary söwda ýardam etmek baradaky Geňeşiň başlygy hanym Gao Ýan, HHR-yň Gümrük baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Li Go, Szilin welaýatynyň partiýa komitetiniň birinji sekretary Bain Çaolu, şeýle hem Hytaýyň sebitleriniň aglabasynyň wekilýetleri gatnaşdylar.
Forumyň daşary ýurtly myhmanlarynyň arasynda Koreýa Respublikasynyň demirgazyk sebitler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky komiteiniň başlygy Kwon Gu Hun, KHDR-yň daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Kim Ýon Je, RF-iň Döwlet Dumasynyň halkara işleri boýunça komitetiniň başlygy Leonid Sluskiý, Ýaponiýanyň ykydysadyýet wise-ministri Seku Ýoşihiro, Moldowanyň oba hojalyk wise-ministri Jorjeta Minku we beýlekiler bardy. Şeýle hem Forumyň işine Demirgazyk-Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlarynyň söwda hem-de maýa goýumlaryna ýardam etmek boýunça dürli guramalarynyň we telekeçilik birleşmelleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Wise-premýer Hu Çunhua HHR-yň Başlygy Si Szinpiniň 12-nji EKSPO gatnaşyjylara iberen hatyny okady.Gutlagda serginiň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça oňyn çäreleri işläp taýýarlamakda netijeli binýat boljakdygyna ynam bildirillýär.
Daşary ýurtly wekilýetleriň baştutanlarynyň çykyşlarynda Demirgazyk-Gündogar Aziýada goşulyşma işleriniň möhümligine aýratyn üns berildi.Bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlary serişdelere baýdyr, ummasyz bazarlara, ylmy-tehniki innowasiýalara eýedirler, bu ugurda Bir guşak bir ýol başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bar.
Türkmen wekilýetiniň agzalary we Szilin welaýatynyň resmi adamlary EKSPO-nyň çäklerinde guralan Ahal-teke bedewleri we Ýüpek ýoly sergisine baryp gördüler, ony sebitiň hökümeti hem-de Jilin Shengshi Horse Culture Co.
Ltd kompaniýasy guradylar.Sergide tanymal hytaýly we daşary ýurtly nakgaşlaryň behişdi bedewlere bagyşalanan suratlarynyň 60-dan gowragy görkezildi. Şeýle hem ýurdumyzyň wekilýetiniň agzalarynyň bu ýerde geçiren duşuşygyna Szillin welaýatynyň HKP-nyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Şi Ýuýgan, Sziliniň Maglumatlar býurosynyň başlygy Çžan Şubin, medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Týan Ýunpen, sebitiň daşary ýurtlar işleri boýunça diwanynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýan Kesin gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň HHR-yň Szilin welaýaty bilen, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda, himiýa, ýeňil we agyr senagatlarda, ylym-bilim alyşmalary babatda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow hytaýly kärdeşlerini ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamda ýeten sepgitleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm daşary syýasy we daşary ykdysady başlangyçlary, şeýle hem döwlet Baştutanynyň howandarlygynda dünýäde ahal-teke atlaryny we milli atşynaslyk sungatyny wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşyk tamamlanandan soň ýurdumyzyň HHR-daky Ilçihanasynyň we Szilin welaýatynyň hökümetiniň bilelikdäki başlangyjy bilen guralan Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň Atçylyk medeniýetiniň festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.Açylyş dabarasynda Szillin welaýatynyň HKP-nyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Şi Ýuýgan we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N. Şirimow çykyş edip, festiwalyň medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de umuman iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra Galkynyş at üstünde milli oýunlar toparynyň gatnaşmagynda şowhunly sirk çykyşlary görkezildi, ol çäräniň köpsanly myhmanlaryny haýrana goýdy. Şanly wakany Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdelri giňişleýin beýan etdiler.